Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň belent münberinden birnäçe başlangyçlary beýan etdi

25.09.2025 | 01:50 |
 Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň belent münberinden birnäçe başlangyçlary beýan etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmagynyň çäklerinde ählumumy howpsuzlyga, parahatçylyga we ösüşe bagyşlanan maksatnamalaýyn çykyş etdi. Döwlet Baştutany halkara bileleşige eden ýüzlenmesinde Türkmenistanyň möhüm halkara meselelerinde tutýan ornuny beýan etdi we birnäçe anyk başlangyçlary öňe sürdi.

Täze dünýä gurluşyna çagyryş

Prezident Serdar Berdimuhamedow halkara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, döwletler we guramalar bilen utgaşdyrylan dialoga geçmegi talap edýändigini aýtdy. Prezidentiň belleýşi ýaly, BMG-niň esasy wezipesi – parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek şeýle hem dünýä gurluşynyň binýadynda goýlan hukuk esaslaryny gorap saklamak. Türkmenistan Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasyna berk deňagramly hem-de howpsuz dünýä arhitekturasyny döretmekde uly umyt baglaýar.

Bitaraplygyň güýji

Hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz jogapkärçiligine düşünip, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine “Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna” atly aýratyn bendi girizmek başlangyjyny öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnamanyň taslamasyna seretmegi teklip eder.

Prezident mümkinçilikden peýdalanyp, 30 ýyl mundan ozal Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny ykrar etmek baradaky çözgüdi üçin dünýä jemgyýetçiligine minnetdarlyk bildirdi.

Ählumumy dialog

Türkmenistan geljekki dünýä gurluşy baradaky garaýşyny birnäçe giň göwrümli tekliplerde beýan etdi:

Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammiti. Bu sammitde Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksini işläp taýýarlamak meýilleşdirilýär. Bu resminama ýurtlaryň arasynda özygtyýarlylyga we çäk bitewüligine hormat goýmak, dünýä meselelerini bilelikde çözmek we hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda gatnaşyklary ýola goýmak üçin köpugurly esas bolup hyzmat eder.

Merkezi Aziýa — parahatçylykda ýaşamagyň giňişligi. Türkmenistan, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky medeni köpri hökmünde sebitiň taryhy wezipesini gaýtadan dikeldip hem-de ony dialog, hyzmatdaşlyk babatda giňişligine öwürmek üçin halkara forum geçirmegi teklip etdi.

Halkara araçylyk güni. Şeýle günüň yglan edilmegi, gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we kadalaşdyrmakda diplomatiýanyň hem-de bitarap meýdançalaryň ähmiýetini nygtar.

Halkara hukugyň ýyly. Türkmenistan 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Munuň özi parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň halkara hukuk binýatlaryny pugtalandyrmakda möhüm ädim bolar.

Ykdysadyýet, ekologiýa we tehnologiýa ulgamyndaky teklipler

Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynda diplomatik başlangyçlardan başga-da, ykdysady we ekologiýa meselelerine aýratyn üns berdi:

BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygy. Ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça tagallalary birleşdirmek maksady bilen 2026 — 2035-nji ýyllar üçin “BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny” yglan etmek başlangyjyny öňe sürüldi.

Energetika howpsuzlygy. Türkmenistan “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär.

Sanly integrasiýa. Deňagramly sanly ösüşi üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Baştutany deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan Sanly integrasiýa boýunça bütindünýä platformasyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi.

Çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini. Merkezi Aziýa ýurtlary üçin şeýle merkezini döretmek başlangyjyny teklip edildi.

Hazar ekologiýa forumy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe sürlen, Hazar ekologik başlangyjynyň çäginde 2026-njy ýylda Hazar ekologiýa forumyny geçirmegi teklip edildi.

Köpdilli diplomatiýanyň halkara güni. Şeýle günüň yglan edilmegi medeniýetleriň arasynda dialogy ösdürmäge we köpdilliligi goldamaga ýardam eder.

BMG bilen strategiki hyzmatdaşlyk

Prezidentiň nygtaýşy ýaly, BMG bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň ileri tutýan strategik ugry bolmagynda galýar. Türkmenistanyň Baştutany Gurama parahatçylygyň, ösüşiň, ählumumy howpsuzlygyň kepili bolup, köpugurly ygtyýarlyklara eýe bolan ýeke-täk platformadyr diýip belledi.

prezident-turkmenistana-initsiativy-oon.jpg


BMG-de Türkmenistan tarapyndan beýan edilen esasy başlangyçlar:

Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini

Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksi

“Merkezi Aziýa — parahatçylykda ýaşamagyň giňişligi” atly halkara forumy

Halkara araçylyk güni

2026 — 2035-nji ýyllar üçin “BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny”

“Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnama

Sanly integrasiýa boýunça bütindünýä platformasy

Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezi

2026-njy ýylda Hazar ekologiýa forumy

Köpdilli diplomatiýanyň halkara güni

2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek

Foto: gadebate.un.org

Şeýle hem okaň: