Iň täze habarlar

Si Szinpin, Putin, Tramp we beýleki döwlet Baştutanlary Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutladylar

27.09.2025 | 00:15 |
 Si Szinpin, Putin, Tramp we beýleki döwlet Baştutanlary Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutladylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanlaryndan we halkara hyzmatdaşlaryndan gutlag hatlaryny aldy. Dünýä Liderleri Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ulgamyndaky gazanan üstünliklerini, sebit we ählumumy durnuklylygy üpjün etmekdäki möhüm ornuny bellediler.

HHR-niň Başlygy Si Szinpin Hytaýy Türkmenistanyň “hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşy” diýip aýtdy we bilelikde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny mälim etdi.

“Hytaý tarapy bilelikdäki tagallalar arkaly türkmen tarapy bilen..., ösüş strategiýalaryny utgaşdyrmaga ýardam bermäge, Hytaýyň we Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşigini” gurmak maksady bilen, “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyny ilerletmäge taýýardyr” – diýip, Si Szinpin gutlag hatynda aýdylýar.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin ýurtlaryň arasyndaky “çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýär” diýip belleýär.

“Munuň özi Russiýanyň we Türkmenistanyň dostlukly halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär, Merkezi Aziýada hem-de Hazar sebitinde durnuklylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine ýardam berýär” – diýip, Wladimir Putin nygtady.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny we Garaşsyzlygyny berk goldaýandygyny tassyklady.

“Biz Siziň ýurduňyzyň özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, Garaşsyzlygyny üýtgewsiz we berk goldaýarys hem-de Siziň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatyňyza hormat goýýandygymyzy beýan edýäris”- diýip, Donald Tramp belledi we “gülläp ösmeginiň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge” umyt bildirdi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Liderleri we sebit boýunça goňşulary hem hyzmatdaşlygy täze, has ýokary derejä çykarmak isleýändiklerini mälim etdiler.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew “strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň” we ýokary derejedäki duşuşyklaryň “ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejä çykarjakdygyna” ynam bildirdi.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew “strategik hyzmatdaşlygyň ruhuna” doly laýyk gelýän “gazak-türkmen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini” belledi we Türkmenistanyň “BMG-niň howandarlygynda hemişelik Bitaraplyk derejesini, halkara giňişlikdäki abraýyny pugtalandyrýandygyny” aýtdy.

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon “çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk” ýörelgesine esaslanýan gatnaşyklary giňeltmäge barada gyzyklanmasyny mälim etdi.

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow “syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagynyň halklarymyzyň abadançylygyna ýardam eder” diýip belledi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew “umumy kökleri we milli ruhy gymmatlyklary” bolan ýurtlary “däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary” birleşdirýär.

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian “umumy taryhy, dini we medeni gymmatlyklar” özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm binýat bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň ösüşine goldawy beýleki dünýä Liderleri hem mälim etdiler:

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron “BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýylda Fransiýanyň hem awtordaşlygynda gaýtadan kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamasyny” aýratyn belledi.

Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella parahatçylygy we durnukly ösüşi ilerletmek üçin amatly meýdança hökmünde “biziň hyzmatdaşlygymyzyň sebit ölçeginde... esasanam “Merkezi Aziýa — Italiýa” formatynda” ähmiýetini belledi.

Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito 2025-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen bolan duşuşygyny ýakymly duýgular bilen bilen ýatlady.

Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Saud we Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edip, mähirli gutlaglaryny ugradyplar.

Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan “BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny ýokary derejede geçirendigine” hoşallygyny beýan etdi. Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko “döwletara hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini” belledi.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: