Ýaşlar baradaky syýasat we Halk Maslahatynyň çözgütleri: Ý.Kakaýew adyndaky HNweGU-de pikir alyşmalar geçirildi
29.09.2025 | 17:00 |23-nji sentýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 19-njy sentýabrda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy we jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetine bagyşlanan iki möhüm çäre geçirildi.
Maslahat: Ýaşlaryň orny üns merkezinde
Ilki bilen «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütleri: ýaşlar baradaky syýasat» atly maslahat geçirildi. Esasy üns, mejlisde kabul edilen çözgütleriň milli ösüşe täsiri we ýaş nesil üçin açýan mümkinçilikleri barada boldy.
Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşan aýratyn zehinli talyplaryň çykyşlary aýratyn gyzyklanma döretdi. Olar öz tejribeleri bilen paýlaşyp, ýurdumyzyň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň işine gatnaşmak mümkinçiliginden buýsanç duýýandyklaryny aýtdylar.
Brifing: Sorag-jogap gepleşigi
Temanyň dowamy hökmünde uniwersitetde «sorag-jogap» görnüşinde brifing hem geçirildi. Brifingiň maksady — Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini giňden wagyz etmekden we düşündirmekden ybarat boldy.
Çäräniň dowamynda uniwersitetiň mugallymlary we talyp ýaşlary kabul edilen çözgütler, gazanylan ylalaşyklar we öňe sürlen teklipler barada pikir alyşdylar. Şeýle görnüşli göni gepleşikler geljekki hünärmenlere ýurdumyzyň strategik ugruna we ony durmuşa geçirmedäki möhüm ornuna has çuňňur düşünmäge ýardam berdi.
ORIENT