Prezident Serdar Berdimuhamedow “Bouygues”-iň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi ara alyp maslahatlaşdy
26.09.2025 | 23:43 |Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Fransiýanyň “Bouygues” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buigi we onuň wekiliýetini kabul etdi. Duşuşyk uzak möhletli hyzmatdaşlyga we ýurtda fransuz kompaniýalary üçin täze iş ugurlaryny kesgitlemäge bagyşlandy.
Döwlet Baştutany myhmanlary mähirli mübärekläp, “Bouygues” kompaniýasynyň 30 ýyldan gowrak bäri türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýändigini belledi. Şol döwürde kompaniýa halkara hil we durnukly ösüş standartlaryna laýyk gelýän taslamalary amala aşyrýan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni tanatdy.
Duşuşykda Aşgabadyň häzirki zaman binagärlik keşbini kemala getirmekde kompaniýanyň ornuna aýratyn üns berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow bilelikde amala aşyrylan taslamalaryň ýurduň gurluşyk, inženerçilik-senagat kuwwatyny pugtalandyrmaga goşant goşdyny belledi. “Bouygues” öz işinde innowasiýalary, milli özboluşlylyk bilen sazlaşykly utgaşýan döwrebap binagärlik çemeleşmelerini işjeň ulanýar.
Şu gezekki saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirildi. Prezident sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde paýtagtyň keşbini özgertmekde fransuz kompaniýasynyň täze tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Marten Buig bildirilen uly ynam üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de kompaniýanyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny bir kemsiz ýerine ýetirip, Türkmenistanyň ykdysady ösüşine mundan beýläk-de goşant goşmaga ygrarlydygyny tassyklady.
ORIENT