Iň täze habarlar

Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda Portugaliýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

25.09.2025 | 00:40 |
 Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda Portugaliýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelо de Souza bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikler ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini tassyklady we mükinçilikleri ösdürmek üçin täze ugurlary kesgitledi.

Prezidentleriň bellenilişi ýaly, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin Türkmenistan bilen Portugaliýanyň arasynda giň mümkinçilikleriniň bar. Döwletler birek-biregiň netijeli halkara başlangyçlaryna yzygiderli goldaw berýärler we Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde bu başlangyçlaryň awtordaşy bolup çykyş edýärler. Munuň özi bolsa olaryň ählumumy dialoga we bilelikdäki çözgütleri tapmaga bolan ygrarlydyklaryny tassyklaýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow özüniň portugaliýaly kärdeşini şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy. Çäre Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna şeýle hemTürkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanýar.

Çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Prezident Marselo Rebelо de Souza Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatynyň dünýä giňişliginde giň goldaw tapýandygyny, munuň ählumumy dialogyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurduň halkara abraýyny pugtalandyrýandygyny belledi.

ORIENT

Foto: gadebate.un.org

Şeýle hem okaň: