Iň täze habarlar

Ankaranyñ iň beýik binalary Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli türkmen baýdagynyň reñkine bezeldi

28.09.2025 | 09:30 |
 Ankaranyñ iň beýik binalary Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli türkmen baýdagynyň reñkine bezeldi

2025-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Ankaranyñ iň beýik binalary bolan Türkiýeniň söwda-senagat palatasy we birža birleşiginiň binasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyñ Döwlet baýdagynyň reňkine bezeldi.

1

Haly gölli, ýarymaýly we bäş ýyldyzly gyzyl we ýaşyl baýdagynyñ aýdyñ çyra bezegi binalarda owadan şöhle saçdy. Türkiýeniñ söwda-senagat palatasy we birža birleşiginiñ binasynyñ beýikligi 140 m bolup, ol Ankaranyñ iñ beýik binalarynyñ biridigini we Türkiýe Respublikasynyñ möhüm işewür merkezidigini bellemek zerur.

2

Bu waka bolsa iki ýurduñ arasyndaky dostlugyñ we doganlygyñ nyşanydyr.

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan berlen

Şeýle hem okaň: