Iň täze habarlar

Türkmenistanda howanyň sowamasy çaklanylýar: temperaturanyň peselmegi we ýagyşlar garaşylýar

29.09.2025 | 10:00 |
 Türkmenistanda howanyň sowamasy çaklanylýar: temperaturanyň peselmegi we ýagyşlar garaşylýar

Geljek hepdede Türkmenistanda howa şertlerini Russiýanyň Ýewropa böleginiň üstünde ýerleşýän antisiklon hem-de günortadan gelýän pes basyşly zolak kesgitleýär. Esasy täsiri bolsa Gazagystanyň üstünden geçýän antisiklon örküji ýetirer.

Howa agramlarynyň şeýle ýerleşmeginiň netijesinde hepdäniň dowamynda sowuk howa ýurduň demirgazygyndan günorta tarap süýşer, bu bolsa howa temperaturasynyň peselmegine sebäp bolar.

Duşenbe güni gijelerine ýurdunyň köp böleginde +13…+18°, gündiz ýene-de yssy +27…+32°, demirgazykda has sowuk — +21…+26° bolar.

Sişenbe güni demirgazyk sebitlerde temperaturanyň peselmegi dowam eder. Gijelerine Daşoguz welaýatynda +9…+14°, beýleki welaýatlarda esasan +14…+19°. Gündiz demirgazykda +17…+22°, kenarýaka sebitlerde +21…+26°, beýleki ýerlerde bolsa yssy saklanar — +27…+32°.

Çarşenbe güni Daşoguz welaýatynda gijelerine temperatura +7…+12° çenli düşer, beýleki welaýatlarda bolsa +14…+19° derejesinde galar. Gündiz demirgazykda +14…+19° bolar. Temperaturanyň peselmegi Balkan, Ahal we Lebap welaýatlarynyň käbir ýerlerinde hem garaşylýar. Günortada bolsa entek ýyly howa saklanar — +26…+31°.

Penşenbe gijesine Daşoguz welaýatynda, şeýle hem Balkan we Lebap welaýatlarynyň demirgazygynda has sowuk bolar — +4…+9°. Beýleki ýerlerde gijelerine +9…+16°. Gündiz demirgazykdan gelen sowuk howa agramlarynyň täsiri bilen ýurtda sowuk howa giňden ýaýrar: Daşoguz welaýatynda +15…+20°, beýleki welaýatlarda bolsa köplenç +19…+24°.

Atmosfera frontynyň täsiri bilen çarşenbe we penşenbe günleri Daşoguz, Balkan we Ahal welaýatlarynyň käbir ýerlerinde gysga wagtlaýyn ýagyş ýagar, şeýle hem ýeliň tizliginiň sekuntda 11–16 metre ýetmegi mümkin.

Hepdäniň ahyrynda Türkmenistanyň ähli çäginde gijelerine sowuk howa ornaşar. Demirgazykda gijelerine +5…+10°, beýleki ýerlerde köplenç +9…+14°. Gündiz +18…+23°, günortada käbir ýerlerde +22…+27° garaşylýar.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: