ABŞ-nyň Döwlet sekretary Rubio Türkmenistanyň özygtyýarlylygyna goldawyny tassyklady we “C5 + 1”-e aýratyn üns berdi
27.09.2025 | 21:45 |WAŞINGTON / AŞGABAT, 27-nji sentýabr. / ORIENT HA /. 27-nji sentýabrda bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ABŞ-nyň Döwlet Departamenti ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň resmi beýanatyny ýaýratdy. Habarda Türkmenistanyň halkyna mähirli gutlaglar we Waşingtonyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga strategiki ygrarlydygy beýan edilýär.
Beýanatda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “öňkisi ýaly Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we çäk bitewiligini goldamagyny berk dowam etdirmäge meýillidir”. Bu pikir Türkmenistanyň Merkezi Aziýada durnuklylygy üpjün etmekdäki ornuny tassyklaýan esasy geosyýasy yşaratdyr.
Döwlet sekretary Rubio umumy gyzyklanmalary öňe sürmek we özara ykdysady ösüşi giňeltmek üçin bilelikdäki tagallalara ünsi çekdi.
Habarda özara gatnaşyklaryň esasyny düzýän iki esasy meýdança agzalýar: “C5 + 1”: Şu ýyl ABŞ we Türkmenistan parahatçylygy goldamagyň we “C5 + 1” diplomatik meýdançasynyň (Merkezi Aziýa we ABŞ) arkaly gülläp ösüşiň on ýyllygyny belleýärler.
“B5 + 1”: Ykdysady hyzmatdaşlyk, özara ykdysady ösüşi höweslendirmäge gönükdirilen “B5 + 1” Işewürler Forumy arkaly ösdürilýär.
“Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistan bilen köp ýyllyk netijeli we öňjeýli hyzmatdaşlyga bil baglaýar. Garaşsyzlyk günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn” – diýip, ABŞ-nyň Döwlet sekretary öz ýülenmesini jemleýär.