WhatsApp gelen hat-habarlaryň awtomatiki terjimesini işledip başlady
25.09.2025 | 08:35 |WhatsApp täze gelen hat-habarlary ulanyjynyň saýlan dilinde derrew almak mümkinçiligini berýän awtomatiki terjime funksiýasynyň işläp başlandygyny mälim etdi.
Kompaniýanyň bellemegine görä, terjime wagtynda ýazgy gürrüňdeşlikleriň gizlinligi doly saklanýar: ähli amallar gönüden-göni ulanyjynyň enjamynda ýerine ýetirilýär, WhatsApp-da bolsa tekstlere elýeterlilik bolmaýar.
23-nji sentýabrdan başlap, funksiýa Android we iPhone smartfonlarynyň ulanýanlaryna tapgyrlaýyn elýeterli bolýar. Ilkibaşda Android ulanyjylary alty dil saýlap bilerler — iňlis, ispan, hindi, portugal, rus we arap dilleri. iPhone ulanyjylaryna bolsa bada-bat 19-dan gowrak dil teklip edilýär, bu san hem giňeldiler.
Işläp taýýarlaýjylaryň hasaplamalaryna görä, terjime funksiýasynyň ornaşdyrylmagy dürli sebitlerden bolan adamlaryň arasyndaky aragatnaşygy ýeňilleşdirer we dil päsgelçiliklerini peselder.