Dünýäniň döwlet Baştutanlary Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutladylar
27.09.2025 | 23:45 |Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna dünýäniň döwlet Baştutanlaryndan we Patyşalaryndan köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşdy. Bu gutlaglar, Türkmenistanyň ýokary halkara derejesini, Merkezi Aziýadaky esasy ornuny we ählumumy durnuklylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklaýar.
Gutlaglaryň birnäçesinde Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny we halkara başlangyçlaryny goldaýandyklary beýan edilýär.
Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç şeýle beýan edýär: “...Türkmenistanyň Serbiýa Respublikasynyň çäk bitewiligini we özygtyýarlylygyny goramakdaky ýörelgelerine goldawy üçin minnetdarlyk bildirýärin. Bu bolsa Siziň ýurduňyzyň halkara hukugynyň esasy ýörelgelerine we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda berkidilen kadalara hormat goýmak ýörelgesine ygrarlydygyna şaýatlyk edýär”.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer hyzmatdaşlygyň strategiki ähmiýetini nygtady: “Häzirki ählumumy çagyryşlar diňe konstruktiw halkara hyzmatdaşlygy arkaly çözgütleri talap edýär. Germaniýanyň halkara tertibini we umumy ykrar edilen gymmatlyklary goramak işinde Türkmenistana goldawyny bildirmäge üýtgewsiz taýýardyna Sizi ynandyrýaryn”.
Ýurduň parahatçylygy goramakdaky orny aýratyn bellendi. Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti Peter Pellegrini şeýle beýan etýär: “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Siziň başlangyjyňyz bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly Türkmenistanyň halkara derejede eýeleýän ornunyň has-da pugtalandyrylmagynda aýratyn sepgit bolup durýar”. Şeýle hem, ýakynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk forumynda duşuşmaga umyt bildirdi.
Patyşalyklardan we hyzmatdaş ýurtlardan gelen gutlaglar hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny has-da berkitmäge we umumy ählumumy çagyryşlara gönükdirildi. Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy KARL III maşgalasy ekologik gün tertibini belledi: “Ýurtlarymyzyň tagallalaryny birleşdirmek arkaly ählumumy derejede howanyň üýtgemegi ýaly meselelerde oňyn netijeleriň gazanyljakdygyna berk ynanýaryn”.
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon “ynanyşmaga esaslanýan, dostlukly gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk... pugtalandyrylmagyny dowam etdirer, halklarymyzyň arasyndaky dostluk bolsa işjeň alyş-çalyşlar arkaly ösdüriler”.
Ykdysady we medeni ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky şuna meňzeş arzuwlar Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawelden we Marokkanyň Patyşasy Mohammed VI-dan gelip gowuşdy.
Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianto bu şanly sene “Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň, okgunly ösüşiniň aýdyň nyşanydyr” – diýip belledi.
Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň şeýle hem Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasyň adyndan gelip gowşan hatlarda “Türkmenistanyň iki tarapyň bähbidine hemmetaraplaýyn edýän tagallalaryna çuňňur minnetdarlyk” beýan edilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna parahatçylygy, abadançylygy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda alyp barýan işerinde iň gowy arzuwlaryny beýan edip: Belgiýanyň Patyşasy Filipp, Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Kiçi Ferdinand Markos, Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudes, Mawritaniýa Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammed Uld Şeýh Gazwani, Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Matamela Siril Ramafosa gutlag hatyny iberdiler.