Iň täze habarlar

Eýran Russiýa we Türkmenistan bilen gaz üpjünçiligi boýunça gepleşikleri alyp barýar

29.09.2025 | 10:30 |
 Eýran Russiýa we Türkmenistan bilen gaz üpjünçiligi boýunça gepleşikleri alyp barýar

Eýranyň nebit ministriniň orunbasary we Milli gaz kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Said Tawakkoli Tähranyň Russiýa we Türkmenistan bilen gaz importy meselesini ara alyp maslahatlaşýandygyny habar berdi diýip, Trend belleýär.

Onuň aýtmagyna görä, Eýran tarapy gepleşikleriň üstünlikli tamamlanmagyna umyt baglaýar. Ol, gyş döwründe ýurtda gaz ýetmezçiligi gündelik 300 million kub metre ýetip biljekdigini, käwagtlarda 350–400 million kub metre çenli baryp biljekdigini nygtady. Şu sebäpli Eýran ýetmezçiligi azaltmak we gaz üpjünçiligini dolandyrmakdaky netijeliligi ýokarlandyrmak üçin birnäçe maksatnamany amala aşyrýar.

Tawakkoli Eýranyň gaz eksport mukdaryny geçen ýylky derejede saklanyp galjakdygyny hem aýtdy. Hususan-da, Türkiýä gaz iberilişi 2026-njy ýyla çenli dowam eder, şol bir wagtda Ankara bilen şertnamalary mundan beýläk hem uzaltmak boýunça gepleşikler geçirilýär.

Eýran dünýäde tebigy gaz gorlary boýunça ikinji ýerde ýerleşýär — takmynan 34 trillion kub metr. Ýurtda 22 gaz känleri işleýär we günlük gaz çykarylyşy 1 milliard kub metreden geçýär.

ORIENT

Foto: turkmengaz.gov.tm

Şeýle hem okaň: