Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi elektron alyş-çalyş ulgamynyň ösüşini güýçlendirýär
25.09.2025 | 20:00 |15–20-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekilleri beýleki döwlet edaralarynyň işgärleri bilen bilelikde Estoniýa iş sapary bilen bardylar. Bu sapar BMG-niň Ösüş Maksatnamasy hem-de Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan amala aşyrylýan «Türkmenistanda pudagara elektron ayş-çalyş synag ulgamyny ornaşdyrmaga ýardam bermek» atly bilelikdäki taslamanyň çäklerinde guraldy.
Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti dünýäde giňden ykrar edilen Estoniýanyň sanly transformasiýa modelini öwrendi. Esasy üns elektron dolandyryş üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýän X-Road platformasyna gönükdirildi.
Türkmenistanyň wekilleri sanly şahsyýetnamalaşdyrma, X-Road arhitekturasy, kiberhowpsuzlyk, maglumat dolandyryşy we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy boýunça amaly bilimleri aldylar. Şeýle hem bilermenler döwlet hyzmatlarynda emeli aňyň ulanylmagy, e-Residency we eID taslamalary, şeýle-de «ýaşyl» maglumat merkeziniň infrastrukturasy bilen tanyşdyrdylar.
Gatnaşyjylar öňdebaryjy hünärmenlerden bilim alyp, integrirlenen elektron hyzmatlary bilen tanyşdylar. Bu sapar Türkmenistanyň on minitstrliginde ornaşdyrylan pudagara maglumat alyş-çalyş ulgamynyň dowamly ösüşiniň bir bölegi boldy. Häzirki wagtda onuň çäginde 12 döwlet maglumat ulgamy integrirlendi.
Alnan bilimleriň ulgamyň giňden ulanylmagyna, sanly hyzmatlaryň netijeliliginiň ýokarlanmagyna hem-de ýurduň sanly transformasiýasynyň çaltlandyrylmagyna ýardam etmegine garaşylýar. Bu başlangyç Türkmenistanyň sanly ykdysadyýeti ösdürmek Konsepsiýasynyň (2019–2025) hem-de Döwlet Maksatnamasynyň (2021–2025) çäklerinde amala aşyrylýar.
ORIENT