Iň täze habarlar

Aşgabatda kardiologlarynyň fiziologlarynyň onkologlaryň kongresi geçiriler

26.09.2025 | 00:02 |
 Aşgabatda kardiologlarynyň fiziologlarynyň onkologlaryň kongresi geçiriler

10-12-nji oktýabr aralygynda saglygy goraýyş, bilim we sporty ösdürmäge bagyşlanyp geçiriljek uly göwrümli halkara forumyň çäginde Aşgabatda birnäçe ýöriteleşdirilen lukmançylyk kongresleri geçiriler. Olaryň arasynda – Türki dilli ýurtlaryň kardiologlarynyň XI kongresini, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň fiziologlarynyň halkara kongresini, Ýewraziýa döwletleriniň onkolog lukmanlarynyň halkara maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Bu uly göwrümli çärelere taýýarlyk işleri barada Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer Baýramgül Orazdurdyýewa hasabat berdi. Bu maslahata we sergä daşary ýurtly we ýerli kompaniýalaryň wekilleriniň şeýle hem lukmanlarynyň we sport hünärmenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurda saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny ösdürmek, bilim işini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de öňde boljak halkara çärelere gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: