ICT WEEK UZBEKISTAN 2025: sebitleýin maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamyndaky möhüm çäre
25.09.2025 | 18:30 |23–26-njy sentýabr aralygynda Daşkentde ICT WEEK UZBEKISTAN 2025 – Merkezi Aziýanyň iň uly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna (MAT) bagyşlanan çäre geçirilýär. 2004-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýän ICT hepdeligi tejribe alyşmakda, gazanylan üstünlikleri görkezmekde we halkara hyzmatdaşlyklary ýola goýmakda esasy meýdança hökmünde tanalyp gelýär.
Bu ýylky foruma MAT pudagynyň öňdebaryjylary, döwlet edaralarynyň wekilleri, halkara kompaniýalar, maýadarlar we startaplar gatnaşýarlar. Maksatnamada giň göwrümli sergi göz öňünde tutulyp, onda bulut hyzmatlaryndan başlap, emeli aň esasly çözgütlere, sanly energetikadan telekommunikasiýa senagatyna çenli täze mümkinçilikler görkezilýär. Şeýle-de dürli ýurtlaryň tejribesine degişli sanly ykdysadyýetiň geljegine we innowasion taslamalara bagyşlanan bölümçe maslahatlary meýilleşdirilýär.
Aýratynam, Türkmenistanyň gatnaşmagy üns merkezinde. Sergide ilkinji gezek milli startap ekoulgamlarynyň taslamalaryny halkara derejesinde görkezýän StartUp Academy (https://startup-tm.com/) stendi ýerleşdirildi. Mundan başga-da, gatnaşyjylaryň arasynda emeli aň ugurly türkmen startapy KinesteX (https://www.kinestex.com/) bar, onuň ýolbaşçysy – baş ýerine ýetiriji direktor Nikita Starow.
Sergi hünärmenler we telekeçiler üçin iň täze işläp taýýarlamalar bilen tanyşmaga, halkara gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we tejribe alyşmaga ajaýyp mümkinçilikleri döredýär. StartUp Academy bilen KinesteX-iň gatnaşmagy Türkmenistanyň innowasion başlangyçlaryny dünýä derejesinde ilerletmekde möhüm ädimdir.
ORIENT