Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň serhetlerinde weterinariýa gözegçiligi üçin häzirki zaman enjamlaryny gowşurdy
25.09.2025 | 19:00 |24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy okuw otagyna niýetlenen häzirki zaman enjamlarynyň toplumyny aldy. Enjamlar Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän BOMCA 10 maksatnamasynyň çäginde gowşuryldy. Bu ädim serhetlerde weterinariýa gözegçiligini kämilleşdirmäge we hünärmenleriň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Enjamlaryň gowşurylyş dabarasynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekilleriniň Maksatnama dolandyryjysy Borislaw Dimitrow gatnaşdy we bu başlangyjyň Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin strategik ähmiýetini belläp geçdi. BOMCA maksatnamasynyň utgaşdyryjysy hem gowşurylyp berlen enjamlaryň ýurduň weterinariýa gullugynyň ösmegine we döwrebaplaşmagyna uly ýardam berjekdigini nygtady.
Döwlet weterinariýa gullugynyň halkara we ylmy gatnaşyklary bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow BOMCA-nyň we ÝB-niň wekilleriniň beren tehniki goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol:«Şu günki gowşuryş gullugyň tehniki mümkinçiliklerini güýçlendirmegi bilen bir hatarda, hünärmenleriň bilim we hünär taýdan ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar. Biz gowşurylyp berlen enjamlaryň işgärlerimiziň taýýarlyk derejesini ep-esli ýokarlandyrjakdygyna ynanýarys» — diýip, Soltanmyradow belledi.
Okuw otagynyň enjamlaşdyrylmagy weterinarlaryň taýýarlyk işlerini gowulandyrmaga, iň täze tehnologiýalar arkaly amaly sapaklary geçirmäge we hünärmenleriň başarnyklaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berer. Uzak möhletli geljekde bolsa, bu çäre weterinariýa gullugynyň işiniň netijeliligini artdyrmaga, oba hojalyk mallarynyň hem-de ilatyň saglygyny ygtybarly goramaga ýardam berer.
ORIENT