Iň täze habarlar

Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda 142 sany daşary ýurtla Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi

26.09.2025 | 00:50 |
 Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda 142 sany daşary ýurtla Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň 34 ýyllygy mynasybetli 142 sany daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Degişli Karara 25-nji sentýabrda, penşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berşi ýaly, 7 döwletiniň raýatlary we 15 milletiň wekilleri ygtyýarnama aldylar. Şeýle hem ministr döwletiň ynsanperwer syýasatynyň çäginde häzirki wagta çenli 5 müň 152 sany daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilendigini belledi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we gol çekilen resminamalary ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin degişli edaralara görkezmeleri berdi.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: