ÝTÖB Türkmenistanda ykdysadyýetiň durnukly ösüşini we maýa goýumlarynyň artmagyny belleýär
26.09.2025 | 18:30 |Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB) täze Regional Economic Prospects hasabatyny hödürledi. Hasabata görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň – ykdysadyýetleriniň 2025-nji ýylda ortaça 6,1 göterim ösmegine garaşylýar.
Durnukly ösüş görkezen ýurtlaryň arasynda Türkmenistan hem bar. 2025-nji ýylyň birinji ýarymyndaky maglumatlara görä, ýurduň hakyky JIÖ-si 6,3 göterim ýokarlandy. Bu netijä iň uly goşant söwda, ulag, hyzmatlar we gurluşyk pudaklary tarapyndan goşuldy. Maýa goýumlaryň möçberi 15,6 göterim artdy.
ÝTÖB-niň çaklamasyna görä, 2025-nji we 2026-njy ýyllarda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüş depginleri 6,3 göterim derejesinde saklanar. Bu ösüş energetika, infrastruktura, oba hojalygyna we azyk önümleriniň gaýtadan işlenilmegine goýlan maýa goýumlar arkaly üpjün ediler.
Bilermenleriň bellemegine görä, bu ugurlar milli ykdysadyýetiň ösüşiniň esasy faktorlary bolup galýar we onuň global üýtgeşmelere durnuklylygyny üpjün edýär.
ORIENT