Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli iş kesilen 225 raýatyň günäsi geçildi
25.09.2025 | 23:05 |Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli iş kesilen 225 raýatyň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada döwlet Baştutany 25-nji sentýabrda, penşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda habar berdi.
Jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň günäsi geçip, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreler ýurtda yzygiderli geçirilip durulýar. Döwlet Baştutany hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
ORIENT