Iň täze habarlar

Aşgabatda türkmen-wenger hökümetara toparynyň mejlisi geçiriler

25.09.2025 | 23:40 |
 Aşgabatda türkmen-wenger hökümetara toparynyň mejlisi geçiriler

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň altynjy mejlisi geçiriler. Öňde boljak mejlise görülýän taýýarlyk işleri barada Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow hasabat berdi.

Mejlisiň gün tertibine meseleleriň giň tolumy girýär: söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginden başlap, energetika, dokma senagaty pudaklary, ulag ulgamynda, oba hojalyk, azyk, suw serişdelerini dolandyrmak we daşky gurşawy goramaga çenli. Taparlar şeýle hem durmuş ugurly şol sanda ylym-bilim, saglygy goraýyş şeýle hem medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şeýle Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda resminama gol çekdi. Bu toparyň agzalary ýakyn wagtda duşuşarlar.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistan bilen Wengriýa öz ýurtlarynda birek-biregiň ilçihanalaryny açmagy ylalaşdylar.

ORIENT

Tema boýunça

Siýarto Budapeşt bilen Aşgabatyň gaz üpjünçiligi meselesinde syýasy şertnama gol çekendigini beýan etdi

Orban: Türkmenistan Ýewropadaky energetika üpjünçiliginiň diwersifikasiýasyna möhüm goşant goşup biler

Ýokary derejede geçen türkmen-wenger gepleşikleriniň jemleri boýunça bilelikdäki resminamalara gol çekildi

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: