Türkmen talyplarynyň halkara WSDG 2025 bäsleşigindäki üstünlikleri: durnukly ösüş üçin innowasiýalar
22.09.2025 | 19:00 |Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň talyplary Malaýziýanyň Multimedia uniwersiteti hem-de Malaýziýanyň ýaş alymlar birleşigi tarapyndan guralan «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň Bütindünýä bäsleşigi – 2025» (WSDG 2025) halkara bäsleşiginde uly ýeňiş gazandylar. Bu möhüm üstünlik türkmen ýaşlarynyň ylmy mümkinçilikleriniň ösýändigini görkezip, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna mynasyp sowgat boldy.
Onlaýn görnüşde geçirilen bäsleşige Malaýziýa, Indoneziýa, Taýland, Filippinler, Gazagystan, Rumyniýa, Braziliýa ýaly dünýäniň 15 döwletinden talyplar 2100-den gowrak ylmy iş hödürlediler.
Bäsleşige gatnaşyjylaryň ähli ylmy işleriniň netijeleri bilen şu salgydan tanyşyp bolar: https://lookerstudio.google.com/u/0/reporting/74276891-8fe7-417f-a22b-0d3d6dc874b9/page/J69VF.
Türkmen talyplary häzirki zaman ekologik meselelerini çözmäge we durnukly ösüşe hyzmat etmäge gönükdirilen innowasion işläp taýýarlamalary üçin iň ýokary baýraklara mynasyp boldylar:
• «WSDG Innovation Grand Award» baş baýragy we altyn medal himiýa-tehnologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Süleýmanmuhammet Şamuhammedowa berildi. Onuň «Durnukly ösüş üçin ýaşyl sement öndürmegiň ylmy esaslary» atly ylmy işi gurluşyk pudagynda öňe gidişlik hasaplanýar. Ol sement öndürmegiň daşky gurşawa edýän täsirini azaltmak, onuň energiýa tygşytlylygyny ýokarlandyrmak we ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary ornaşdyrmak usullaryny hödürleýär. Bu ylmy iş durnukly ösüş babatda möhüm çözgüt hökmünde dünýäniň öňdebaryjy ylmy guramalary tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy.
• Eminlerden altyn medal we «Durnukly ösüşdäki iň gowy innowasiýa» ýörite baýragy himiýa-tehnologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Aýmyrat Halnazarowa** hem-de himiýa inženerligi fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Jemal Şaripowa** berildi. Olaryň «Fosfogips – senagat galyndysyndan arassa gips almagyň innowasion tehnologiýasy» atly ylmy işi fosfor dökünleriniň önümçiliginden galýan zyýanly fosfogips senagat galyndysyny arassa gurluşyk gipsine öwürmegiň ykdysady taýdan bähbitli we ekologiýa taýdan howpsuz usulyny teklip edýär. Bu açyş galyndylary peýdalanmak we olardan peýdaly önüm öndürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Bu görnükli üstünlikler «Amaly himiýa» kafedrasynyň uly mugallymy, tehniki ylymlaryň kandidaty Atamyrat Altyýewiň ýolbaşçylygyndaky topar tarapyndan amala aşyryldy. Olaryň işleri Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan ylmy barlaglaryň ýokary derejesiniň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem ýaş alymlaryň üstünlikleri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara ylmy giňişligindäki belent abraýyny görkezýär.
Türkmen ýaşlarynyň halkara derejesindäki şeýle üstünlikleri ýurdumyzyň döwlet tarapyndan innowasiýalara we ylmy gözleglere giň goldaw berilýändigini tassyklaýar. Bu üstünlikler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän, Watana wepaly, giň düşünjeli, sowatly we dürli ugurlarda ösen ýaş nesli terbiýelemäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň miwesidir.
ORIENT