Halk Maslahatynyň mejlisiniň esasy çözgütleri: ykdysadyýetden täze özgertmelere çenli
20.09.2025 | 12:40 |19-njy sentýabrda, Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda ýurdy mundan beýläkde durmuş-ykdysady we dolandyryş-çäk bölünişigi bilen baglanyşykly möhüm çözgütler kabul edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlisiň dowamynda birnäçe möhüm kararlar we kanunçylyk bilen bagly başlangyçlar tassyklandy.
Ykdysady üstünlikler we maýa goýum maksatnamalary
Mejlisde ýokary ykdysady netijeler beýan edildi: jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar. Ykdysadyýeti has-da ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli 40 milliard manatdan gowrak möçberinde düýpli maýa goýumlary özleşdirmek meýilleşdirilýär.
Ileri tutulýan energetika taslamalarynyň hatarynda TOPH gaz geçirijisiniň esasy tapgyrynyň gurluşygy, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek işleri we elektrik stansiýasynyň ulanmaga berilmegi bellenilip geçildi. Senagat pudagynda täze önümçilik desgalaryny şol sanda karbamid we mineral dökünleri öndürýän toplumy işe girizmek şeýle hem dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Dolandyryş-çäk bölünişigi we sebitleriň ösüşi
Mejlisiň iň esasy netijeleriniň biri, täze dolandyryş-çäk bölünişigi – etraplary döretmek baradaky kararyň kabul edilmegi boldy. Täze etraplar Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda döredildi. Ýerli ýaşaýjylaryň tekliplerine esaslanýan bu karar dolandyryşy kämilleşdirmäge we ilatyň durmuş-ykdysady şertlerini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Durmuş syýasaty we abadançylyk
durmuş taýdan goraglylygy we iş üpjünçiligi meselelerine üns berildi. Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda şu ýylyň ahyryna çenli täze döredilen iş orunlarynyň sany 3 müňden gowrak boljakdygy bellenildi. Saglygy goraýyş ulgamynda täze köpugurly we ýöriteleşdirilen hassahanalaryň şeýle hem enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleri gurular.
Daşary syýasat we halkara hyzmatdaşlygy
Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk derejesine we “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasyna ygrarlydygyny tassyklady. Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilendigi bellenildi. BMG-niň esaslandyrylmagynyň ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň çäklerinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumy geçiriler.
Gol çekilen kararlar we sylaglar
Mejlisiň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow möhüm resminamalara şol sanda “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Konstitusion kanunyna şeýle hem häkimliklerini döretmek we senagat desgalaryny gurmak hakynda kararlara gol çekildi. Halk Maslahatynyň mejlisinde geçirilen dabaranyň çäginde bitiren hyzmatlary üçin hormatly ýaşulular we eneler sylaglandy.
Çeşme: Döwlet habarlar agentliginiň «Türkmenistan şu gün» web sahypasy