Iň täze habarlar

Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisine gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka bardy

21.09.2025 | 21:45 |
 Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisine gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka bardy

Prezident Serdar Berdimuhamedow 21-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisine gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka bardy. Munuň özi bolsa Türkmenistanyň BMG bilen gatnaşygynyň strategiki ähmiýetini nygtaýar. Şu gezekki saparyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir.

Ýurduň daşary syýasaty BMG tarapyndan resmi taýdan üç gezek ykrar edilen oňyn Bitaraplyga esaslanýar. Bu derejede halkara bileleşigi bilen giň hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin binýat bolup hyzmat edýär.

Türkmenistan BMG-niň çäginde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary işjeň öňe sürýär. Geçen ýyllardaky hyzmatdaşlygynyň dowamynda Türkmenistan birnäçe teklipler bilen çykyş etdi. Onuň netijesinde BMG-niň Baş Assambleýasy möhüm kararnamalary, şol sanda “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly kararnamany kabul etdi.

Hyzmatdaşlyk ugurlaryň giň toplumyny öz içine alýar – durnukly ösüş we ekologiýadan bilim we ynsanperwer ugurly meselelere çenli. Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi netijeli hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly boldy.

Döwlet Baştutanynyň iş sapary Türkmenistanyň BMG bilen uzak möhletleýin we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklaýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubieý mejlisinde Türkmenistan bitaraplyk, ynanyşmak we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan howpsuzlyga we durnukly ösüşe bitewi çemeleşmäni öňe sürer.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: