Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen gepleşik geçirdi
22.09.2025 | 23:52 |22-nji sentýabrda, duşenbe güni, Nýu-Ýorkda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň meýdançasynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Diplomatlar gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Şunda maýa goýumlar we tehnologiýalar esasy ugurlar hökmünde bellenildi.
Şeýle hem ABŞ bilen Türkmenistanyň kompaniýalarynyň arasynda işewür gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam berýän Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň möhüm orny bellendi. Meredow bilen Landau möhüm halkara we sebitleýin meseleler barada pikir alyşdylar.
ORIENT