Türkmenistanda howa üýtgeşmeleri bolar
23.09.2025 | 12:03 |Hepdäniň başynda Türkmenistandaky howa şertlerine antisiklonyň emele gelmegi we onuň günorta-gündogar periferiýasy täsir etdi. Duşenbe güni Balkan welaýatynyň käbir ýerlerinde az-owlak ýagyş ýagdy, käbir sebitlerde ýyldyrym çakdy.
Şu gün, sişenbe güni, gije howa temperaturasynyň Daşoguz welaýatynda +10…+15° aralygynda, beýleki welaýatlarda +12…+17° aralygynda, käbir ýerlerde bolsa +19° çenli ýetendigi bellendi. Gündiz bolsa ýurt boýunça howa +23…+28° aralygynda bolar, Aşgabatda howa +25…+27° çenli gyzar.
Çarşenbe gijesi temperatura demirgazykda +11…+16°, merkezi we günorta sebitlerde +14…+19° aralygynda bolar. Antisiklon gündogara tarap çekilip, pes basyşly zolagyň emele gelmegi bilen günorta tarapdan has ýyly howa akymy aralaşyp başlar. Gündiz howa +26…+31° çenli gyzar, ýurduň günbatarynda bolsa has salkynrak bolup, +20…+25° aralygynda bolar.
Penşenbe we anna günleri howa üýtgemez. Gündiz temperaturanyň agdyklyk etjek aralygy +26…+31° bolup, gijeler bolsa orta derejede salkyn bolup galar diýip, meteorologiýa žurnaly ýazýar.
ORIENT