Täze derejede bulaşyklyk: Intel köne prosessory täze at bilen gaýtadan çykardy
17.09.2025 | 17:00 |Intel kompaniýasy öz önümleriniň eýýämden bulaşyk bolan atlandyryş ulgamyny hasam çylşyrymlaşdyryp, köne Core i5 10400 çipini täze at bilen — Core i5 110 hökmünde gaýtadan çykardy. Täze marka, kody «Comet Lake» hökmünde belli bolan könelen modeli häzirki zaman prosessorlarynyň hataryna ýerleşdirmek üçin döredildi.
Indi hatda tejribeli hünärmenler üçin-de Intel-iň assortimenti bilen işlemek kynlaşdy. Kompaniýa dürli arhitekturadan bolan köp sanly modelleri hödürleýär: Comet Lake, Raptor Lake, Meteor Lake we beýlekiler. Olaryň atlary meňzeş bolsa-da, öndürijiligi, ýaşy we bahasy boýunça has uly tapawutlar bar.
Gyzykly tarapy, mundan ozal, 2023-nji ýylda Intel öz markasyny ýönekeýleşdirmek meýilnamasyny yglan edipdi. Şol wagt kompaniýa Pentium we Celeron atlaryny has umumy «Intel Processor» diýen marka bilen çalyşjakdygyny mälim edipdi. Ýöne köne çipleri täze at bilen gaýtadan çykarmak ädimi, ekspertleriň pikiriçe, şol maksada ters gelýär we sarp edijiler üçin saýlawy has-da kynlaşdyrýar.
ORIENT