“Reňklerdäki poeziýam”: Suratkeş Çarymyrat Ýazmyradowyň 50 ýaş toýy mynasybetli şahsy sergisi açylar
23.09.2025 | 17:35 |Oktýabr aýynyň 3-ne Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we Şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi zalynda suratkeş Çarymyrat Ýazmyradowyň 50 ýaş toýy mynasybetli, “Reňklerdäki poeziýam” atly şahsy sergisi açylar. Ç. Ýazmyradowyň Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýetini şöhlelendirýän “Aýa döndi”, “Aýa sataşdym”, “Bakylyga”, “Mätäç eýleme”, “Dananyň ruhy”, “Bu derdi”, medeni mirasymyza we taryhy gymmatlyklarymyza bagyşlanan “Nusaý mirasy”, “Marguş”, “Gala”, “Marguş möhri”, şeýle-de “Soraglar adasy”, “Çynarlar”, “Päklik”, “Öwüşginler”, “Ylham perişdesi”, “Leýlisaç”, “Mejnun”, “Sazlaşyk”, “Gündogar hüwdüsi” ýaly dürli durmuş wakalaryny, rowaýatlary, halk döredijiligini wasp edýän 200-den gowrak nakgaşlyk eserleri sergide görkeziler. Esasan, simwolizm, romantizm akymlarynda işleýän suratkeşiň döredijiliginde onuň tebigata, ynsan durmuşyna, älem-jahana bolan özboluşly dünýägaraýşy ýüze çykýar.
Çarymyrat Ýazmyradow 1995-nji Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebini, soňra 2001-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny üstünlikli tamamlaýar. Uzak ýyllaryň dowamynda ilki Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde, soňra Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda asylly mugallymçylyk kärini alyp barýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy wezipesinde zähmet çekip, milli şekillendiriş sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşýar. Çarymyrat Ýazmyradowyň dürli ýyllarda Özbegistan, Türkiýe Respublikasy, Azerbaýjan, Gazagystan, Russiýa Federasiýasy, Wengriýa, Hytaý Halk Respublikasy ýaly döwletlere döredijilik saparlary onuň çeperçilik tejribesini has-da baýlaşdyrdy. Ç. Ýazmyradow 1999-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen “Alty milliardynjy adamyň dünýä inmegi” atly bäsleşigiň ýeňijisi, 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn Asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. 2023-nji ýylda şekillendiriş sungatynda netijeli işi we hyzmatdaşlygy üçin Çarymyrat Ýazmyradow Özbegistanyň Çeperçilik akademiýasynyň Altyn medaly, 2024-nji ýylda “Gazagystan Respublikasynyň Suratkeşler birleşigine 90 ýyl” ýadygärlik medaly bilen sylaglandy.
2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň halk suratkeşi, akademik Yzzat Gylyjowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sergi zalynda suratkeşiň döredijilik eserleriniň sergisini, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň halk suratkeşi, professor Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde suratkeşiň döredijilik eserleriniň sergisini we “Pyragydan ruhlanan ussat” atly halkara ylmy-amaly maslahatyny gurnamaklyga ýolbaşçylyk edýär. 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Aşgabat şäherinde Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň çäklerinde gurnalan Türki döwletleriň suratkeşleriniň I Şekillendiriş sungaty biýennalyna kuratorlyk etdi.
Suratkeşiň 50 ýaş toýy mynasybetli gurnalan “Reňklerdäki poeziýam” atly şahsy sergisinde görkezilen eserler gyzykly taslama hem reňk çözgütlerine eýe bolup, tomaşaçylarda ýiti täsirleri galdyrar.
Sergi 3-nji oktýabrda sagat 16:00-da açylyp, öz işini bir aý dowam eder.
ORIENT