Iň täze habarlar

Aşgabatda Porcelanosa ispan brendiniň ilkinji flagman şourumy açyldy

23.09.2025 | 16:50 |
 Aşgabatda Porcelanosa ispan brendiniň ilkinji flagman şourumy açyldy

Porcelanosa ispan brendiniň Türkmenistandaky resmi we eksklýuziw distribýutory bolan «Arassa Söwda we Gurluşyk» kompaniýasy – Persona şourumyny açdy. Bu ýerde interýer üçin toplumlaýyn çözgütler hödürlenýär: plitka we mozaika, santehnika enjamlary, mebel we wan­na otagy üçin esbaplar, aşhana üçin mebel we materiallar, diwarlara we pollara niýetlenen örtükler hem-de binalaryň interýeri we eksterýeri üçin dürli fasad çözgütleri.

шоурум испанского бренда Porcelanosa в Ашхабаде.jpg

Porcelanosa brendi Türkmenistanda giňden tanalýar: onuň önümleri bilen öňden bäri öňdebaryjy arhitektorlar we interýer dizaýnerleri işleşip, iň stilistik taslamalary amala aşyrýarlar. Porcelanosa diňe bir ýokary hilli keramiki materiallary öndürmek bilen çäklenmän, mebel, santehnika enjamlary, plitka, mozaika, tebigy daşdan we agaçdan taýýarlanan önümleri hem öndürýär.

шоурум испанского бренда Porcelanosa в Ашхабаде.jpg

Brend dünýäniň keramika önümçiligindäki öňdebaryjy liderleriniň arasynda mynasyp orun eýeleýär we bu ugurda moda dörediji hasaplanýar. Onuň diwarlara we pollara niýetlenen plitka kolleksiýalary ýokary hil bilen tapawutlanýar we interýer dizaýnynyň täze ugurlaryny yzygiderli döredýär.

шоурум испанского бренда Porcelanosa в Ашхабаде.jpg

Porcelanosa önümleri dünýäniň 400-den gowrak şourumlarynda hödürlenýär. Indi bolsa, Aşgabatda hem Persona şourumynda dünýä derejesindäki interýer modasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik bar.

шоурум испанского бренда Porcelanosa в Ашхабаде.jpg

Persona şourumynyň aýratynlygy diňe bir önümleri gönüden-göni satyn almak däl, eýsem katalogdan islendik modeli sargyt etmek mümkinçiligidir. Eltip bermek göni Ispaniýadaky Porcelanosa zawodyndan amala aşyrylýar, bu bolsa her bir önümiň hakykylygyny we ýokary hilini kepillendirýär.

шоурум испанского бренда Porcelanosa в Ашхабаде.jpg

Wannalar, aşhana, myhman otagy üçin plitkalar, diwarlara we pollara degişli çözgütler — brend häzirki zaman interýerini döretmek üçin toplumlaýyn mümkinçilikleri hödürleýär, olar indi Türkmenistanda hem elýeterli.

шоурум испанского бренда Porcelanosa в Ашхабаде.jpg

Şonuň ýaly-da, Persona şourumynyň açylyş dabarasyna ispan kompaniýasynyň wekili Wisente Dehos Molinz gatnaşdy. Myhman täze şourum baradaky pikirlerini paýlaşyp, brendiň Türkmenistanda açylmagyna we «Arassa Söwda we Gurluşyk» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga örän şatdygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, Porcelanosa önümleri dünýäde giňden tanalýar, hem arhitektorlaryň, hem interýer dizaýnerleriniň arasynda uly islegden peýdalanýar.

шоурум испанского бренда Porcelanosa в Ашхабаде.jpg

Şonuň üçin häzirki zaman interýer çözgütlerine bolan gyzyklanmalaryň artýandygyny göz öňünde tutup, Persona şourumy geljekde türkmen dizaýnerleri üçin täze kolleksiýalar we olaryň ulanylyş usullary bilen tanyşdyrýan ussatlyk sapaklaryny geçirmegi meýilleşdirýär.

шоурум испанского бренда Porcelanosa в Ашхабаде.jpg

Persona şourumyny şu salgy boýunça gelip görüp bilersiňiz: Hoja Ahmet

Ýasawy (Griboýedow) köçesi, 55.

Telefon belgisi: +99365 81-57-86

E-poçta: persona.showroom@asg-tm.com

Instagram: persona.showroom

шоурум испанского бренда Porcelanosa в Ашхабаде.jpg

шоурум испанского бренда Porcelanosa в Ашхабаде.jpg

шоурум испанского бренда Porcelanosa в Ашхабаде.jpg

шоурум испанского бренда Porcelanosa в Ашхабаде.jpg

шоурум испанского бренда Porcelanosa в Ашхабаде.jpg

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: