Iň täze habarlar

Türkmenistan Özbegistandan importyň möçberini artdyrdy

23.09.2025 | 08:35 |
 Türkmenistan Özbegistandan importyň möçberini artdyrdy

Özbegistanyň Statistika baradaky Döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, Türkmenistan 2025-nji ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda goňşy ýurtdan importyň möçberini geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 17,9 million amerikan dollar artdyrdy.

Hasabat döwründe iki döwletiň arasyndaky özara söwdanyň umumy möçberi 677,8 million amerikan dollaryna barabar boldy. Şol bir wagtda Türkmenistanyň Özbegistana eksporty 581,6 million amerikan dollaryna ýetdi.

Özbegistandan Türkmenistana import edilen harytlaryň we hyzmatlaryň bahasy bolsa geçen ýylyň 78,3 million amerikan dollary bolan görkezijisi bilen deňeşdirilende, 96,2 million amerikan dollaryna barabar boldy.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: