2026-njy ýylda Gazagystan ilkinji GDA ýurtlarynyň ýarmarkasyny kabul eder
01.09.2025 | 23:15 |GDA ýurtlarynyň ilkinji Ýarmarkasy 2026-njy ýylda Gazagystanyň taryhy şäheri Tarazda geçiriler. Bu çäre GDA ýurtlarynyň senetçiligini, halk döredijiligini hem-de oba hojalyk toplumynyň innowasion önümlerini görkezmek üçin meýdança bolar. Ýarmarkanyň maksatnamasynda medeni we bilim çäreleri, önümleriň tanyşdyrylyşlary, gatnaşyjy ýurtlaryň däp-dessurlary we milli mirasy bilen tanyşmak hem göz öňünde tutulýar.
Ýarmarkany ýylsaýyn GDA ýurtlarynda, Ýüpek ýoly ugry boýunça ýerleşýän şäherlerde geçirmek pikiri Moskwada geçirilen döwletara maksatnamasyny taýýarlamak boýunça ekspert toparynyň ilkinji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilermenler ýarmarkany geçirmegiň düzgünnamasynyň esasy düzgünlerini ylalaşdylar we bu işe 2025-nji ýylyň oktýabrynda geçiriljek nobatdaky mejlisde dowam etmegi meýilleşdirdiler.
ORIENT