BMG-niň BA-nyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyçlary ählumumy gün tertibini üýtgetmäge ukyply
30.08.2025 | 04:42 |Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna taýýarlygy ýurduň Hökümetiniň nobatdaky mejlisiniň esasy temasy boldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýakyn syýasy ýylda BMG-de Aşgabadyň ugruny kesgitleýän ileri tutulýan wezipeleri hödürledi.
Bu resminama – ýöne bir teklipleriň sanawy däl. Ol Türkmenistanyň ählumumy derejedäki işlere işjeň gatnaşmaga we döwrümiziň iň möhüm meselelerini çözmek üçin amaly başlangyçlary durmuşa geçirmäge çalyşýan döwlet hökmünde strategiýasyny görkezýär.
Täze başlangyçlaryň toplumy bilen Türkmenistan özüni halkara gün tertibini söz bilen däl-de, iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ukyplydygy mälim etmegi maksat edinýär. Parahatçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş, ekologiýa, ynsanperwer hyzmatdaşlygy – Aşgabat halkara forumlaryny geçirmek üçin kararnamalaryň taslamalaryny we başlangyçlar bilen bir hatarda bu ugurlardaky anyk teklipleri taýýarlady.
Onda oňyn Bitaraplyk däbini we ählumumy çagyryşlara häzirki zaman garaýşyny birleşdirýärler. Dünýä bileleşigi üçin bu täze özara hereketleriň mehanizmlerine eýe bolmak üçin bir pursat, Türkmenistan üçin bolsa – halkara gatnaşyklarynda araçy hökmünde öz abraýyny we eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin bir mümkinçilikdir.
Parahatçylyk we howpsuzlyk: Bitaraplyk ählumumy gymmatlyk hökmünde
Konstitusiýada berkidilen hemişelik Bitaraplyk derejesi – Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň esasy ýörelgesidir. Ol ýurda dialog üçin ygtybarly meýdança bolup galmagyna mümkinçilik berýär. Aşgabat dawalary parahatçylykly ýol bilen çözmek, ynanyşmagy pugtalandyrmak we umumy howpsuzlyk ýörelgelerini yzygiderli öňe sürýär.
Ýubileý sessiýasynda Türkmenistan şu aşakdakylary teklip eder:
1) gün tertibe “Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna” atly bent girizmegi;
2) bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti we Halkara araçylyk gününi döretmek baradaky Kararnamalaryň taslamalaryna garamak;
3) BMG-niň howandarlygynda Bitaraplyk boýunça ýörite gollanmany işläp düzmek;
4) Parahatçylyk üçin araçylyk palatasyny döretmek başlangyjy öňe sürmek.
Bu başlangyçlar, Türkmenistanyň köpugurly araçylyk ornuny berkitdi. Halkara bileleşigi üçin parahatçylygy goraýyş tejribesini gurmaga, dawalaryň derejesini azaltmaga we dialogyň mehanizmlerini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi ýurt üçin, syýasy abraýynyň güýçlenmegi we oňyn Bitaraplyk nusgasynyň özboluşlylygyny tassyklamakdyr.
Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti
Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň biri halkara gatnaşyklarynyň ynsanperwer esaslaryny berkitmekdir. Olaryň arasynda “Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi” atly halkara forumyny geçirmek, Parahatçylygyň, ynanyşmagyň we birek-birege hormatyň medeniýeti boýunça bütindünýä sammitini guramak, “Halkara ynanyşmak kodeksini” işläp taýýarlamak boýunça teklipler bar.
Bu ädimler Merkezi Aziýany gapma-garşylyk däl-de, eýsem döredijilik sebiti hökmünde düşünjäniň täze derejesine çykarmaga mümkinçilik berýär. Dünýä syýasaty üçin bu ynanyşmaga we hormata esaslanýan täze gymmatlyklar ulgamyny döretmäge mümkinçilikleri açýar döredýär. Türkmenistan innowasion ynsanperwer çemeleşmeler boýunça başlangyçlar bilen çykyş etmäge ukyply ýurt hökmünde abraýyny pugtalandyrýar.
Durnukly ösüş: ulag, energetika, sanlylaşdyrmak
Geografiki taýdan örän amatly ýerde ýerleşmegiň netijesinde Türkmenistan Ýewraziýa baglanyşygynda möhüm baglanyşyk bolmaga çalyşýar. Döwrebap portlaryň, awtomobil we demir ýollaryň gurluşygy ýurdy Demirgazyk bilen Günorta, Gündogar we Günbataryň arasyndaky üstaşyr geçiriji merkeze öwürýär.
Häzirki wagtda dünýädäki iň uly tebigy gaz gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energetika pudagyna ykdysadyýetiň esasy hereketlendirijisi hökmünde garaýar. Eksport ugurlaryny diwersifikasiýa etmek ileri tutulýan ugur bolup galýar – Merkezi Aziýadan we Hytaýdan Günorta Aziýa we Ýewropa çenli. Munuň bilen birlikde, ýurt “ýaşyl geçişiň ählumumy tendensiýalaryna laýyk gelýän gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge üns berýär.
Häzirki zaman ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary sanly ykdysadyýeti, elektron dolandyryşy we innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmagy öz içine alýar. Türkmenistan sanlylaşdyrmagy döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we telekeçiligi höweslendirmek üçin gural hökmünde garaýar.
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynda ýokarda sanalan ugurlarda dünýä ykdysadyýetindäki özüniň strategiki ornuny görkezýän birnäçe başlangyçlar bilen çykyş eder.
Olaryň arasynda “BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny” (2026–2035) yglan etmek baradaky we “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamalaryň taslamalary şeýle hem BMG-niň howandarlygynda Dünýä sanly integrasiýa platformasyny döretmek baradaky başlangyç bar.
Bähbitleri şübhesizdir we aýdyňdyr. Ulag boýunça – bu Türkmenistanyň halkara merkez hökmünde berkidilen derejesidir, Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta geçelgelerine goldaw we deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin täze mümkinçilikler.
Energetika boýunça – bu dünýä energetika üpjünçiliginiň durnuklylygyny ýokarlandyrmagy, öndürijileriň we sarp edijileriň bähbitlerini deňleşdirmegi we “ýaşyl” energiýa geçişini öňe sürmegi aňladýar. Sanlaşdyrmak boýunça bolsa – bu, sanly gelejek barada ählumumy çekişmä we halkara tehnologiki hyzmatdaşlygy giňeltmäge Türkmenistany goşmagy aňladýar.
Ekologiýa diplomatiýasy
Howanyň çagyryşlary sebäpli suwy netijeli dolandyrmak möhüm ähmiýete eýe. Türkmenistan suw diplomatiýasy üçin sebitleýin we ählumumy mehanizmleri ösdürmek pikirlerini işjeň goldaýar we serhetüsti derýalary deň esasda bilelikde ulanmaga çagyrýar.
Ekologiýa we howa– Aşgabadyň daşary syýasat strategiýasynyň ýene bir möhüm sütüni bolup durýar. Bu strategýa çölleşmäge garşy göreşe we biologiki köpdürlüligi gorap saklamaga gönükdirilendir. BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisinde beýan ediljek başlangyçlaryň arasynda:
– Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek;
– Amyderýanyň we Syrderýanyň basseýnleri boýunça sebitleýin konwensiýalaryň taýýarlanylmagy;
– Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek;
– BMG-niň Aral deňziniň basseýni üçin Ýörite maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini dowam etdirmek;
– 2026-njy ýylda ikinji Hazar ekologiýa forumynyň geçirilmegi.
Merkezi Aziýa sebiti üçin bu ekoulgamynyň zaýalanmagyna we suw ýetmezçiligine garşy göreşmek maksady bilen birleşmek üçin mümkinçilikdir. Parahatçylyk üçin – bu ýerli başlangyçlaryň ählumumy ekologiýa standartlaryny emele getirip biljekdiginiň mysalydyr. Şeýle teklipler bilen Türkmenistan konstruktiw çözgütleri hödürläp biljek ekologiýa boýunça öňde baryjy hökmünde öz ornuny pugtalandyrýar.
Ynsanperwer ölçeg
Türkmenistan durnukly ösüş üçin binýatlaýyn şertler hökmünde bilime, saglygy goraýyşa we medeniýete uly üns berýär. Ýurt ynsanperwer ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyny dowam etdirýär, tejribe alyşmagy we ählumumy bilim we ylmy başlangyçlara goşulyşmagyň tarapdary bolup çykyş edýär.
Türkmenistanyň ynsanperwer ugurdaky başlangyçlary hem adam mümkinçiliklerini pugtalandyrmagyň ileri tutulýan ugurlardygyny görkezýär:
a) “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” temasy boýunça halkara maslahaty;
b) Ýaş parahatçylyk gurujylary taýýarlajak sebitleýin platformany döretmek;
c) Köp dilli diplomatiýanyň halkara gününi döretmek;
d) “Parahatçylygyň we ösüşiň esasy hökmünde Beýik Ýüpek ýolunyň medeni mirasy” atly Kararnamanyň taslamasy.
Türkmenistanyň şeýle çemeleşmesi Merkezi Aziýanyň ýaşlar we zenanlar diplomatiýasynyň sebiti hökmünde ornuny giňeldýär, şeýle hem halkara gatnaşyklarynyň medeni ölçegini güýçlendirýär. Şeýlelik bilen Türkmenistan täze ynsanperwer ülňüleriň başyny başlaýjy derejesine eýe bolýar.
Hukuk we BMG-niň institutlary
Türkmenistan halkara hukugyny pugtalandyrmak barada yzygiderli çykyş edýär. Olaryň hatarynda 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek teklibi şeýle hem 2031-2032-nji ýyllarda Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlanmak boýunça işjeň taýýarlyk işleri bar.
Bu Aşgabadyň halkara tertipnamasynyň hukuk esaslaryna ygrarlydygyny nygtaýar we BMG-niň düzüminde saýlawly wezipeleri eýelemek mümkinçiligini güýçlendirýär we şeýlelik bilen ýurduň diplomatik täsir meýdanyny giňeldýär.
Türkmenistan ynananyşmagyň köprüsi hökmünde
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde Türkmenistan tarapyndan hödürlenjek başlangyçlar jarnama häsiýete eýe däldir. Olar ählumumy wezipeleri çözmek üçin anyk ädimleri teklip edýär – ynanyşmagy pugtalandyrmakdan başlap, howanyň çagyryşlaryna garşy göreşmege çenli.
Olar milli ösüşe we halkara hyzmatdaşlyga toplumlaýyn çemeleşmäni şöhlelendirýär. Parahatçylyk we bitaraplyk, energetikanyň diwersifikasiýasy, ulag aragatnaşygy, ekologik durnuklylygy, sanlylaşdyrma we ynsanperwer ugurly başlangyçlary ýurda durnuklylygy hem-de ählumumy işlere möhüm goşant goşmak mümkinçiligini berýän strategiki binýady emele getirýär.
Parahatçylyk üçin bu dioalogyň, durnukly ösüşiň we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze mehanizmleri bolup, Türkmenistanyň ulag, energetika we ekologiýa ugurlarynda bitarap araçy we sebitleýin öňde baryjy derejesini üpjün eder.
Aşgabat, täze başlangyçlaryň toplumy bilen bitaraplyk syýasatynyň ählumumy jogapkärçilikden gaça durmak däl-de tersine, ynanyşmagyň, deňagramlylyk we bilelikdäki kararlara esaslanýan täze görnüşiniň bardygyny görkezýär.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynda beýan ediljek başlangyçlar Türkmenistany diplomatik öňde baryjylygyň täze derejesine çykarýar. Halkara bileleşigi üçin bu dialog we durnukly ösüş üçin amaly gurallardyr, Türkmenistan üçin bolsa – tutuş adamzadyň bähbidine çözgüt hödürläp biljek bitarap döwletiň derejesiniň pugtalanmagydyr.
Bekdurdy AMANSARYÝEW,
Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň Strategiki barlaglar boýunça ylmy merkezi