Raşid Meredow we Sergeý Lawrow Moskwada gepleşik geçirer
27.08.2025 | 23:27 |Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Moskwa amala aşyrýan iş saparynyň çäginde, 28-nji awgustda Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşikleri geçirer.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurdaky gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar, halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşylar diýip, RF-niň DIM-niň habarynda aýdylýar.
Lawrow iki aý mundan ozal, 2025-nji ýylyň iýun aýynda resmi sapar bilen Aşgabat şäherine gelipdi.
Şu hepde Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-niň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler.
ORIENT
Tema boýunça
Lawrow bilen bolan duşuşykda Hazarýka döwletleriniň ýörite sammitindäki başlangyçlar beýan edildi
Aşgabat Russiýanyň DIM-niň ýolbaşçysyny kabul edýär
Lawrow: Russiýa Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ikinji sammiti geçirmäge taýýarlanýar