Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Irlandiýadaky Ilçisi ynanç hatyny we Dublinde birnäçe duşuşyklary geçirdi

28.08.2025 | 14:35 |
 Türkmenistanyň Irlandiýadaky Ilçisi ynanç hatyny we Dublinde birnäçe duşuşyklary geçirdi

Türkmenistanyň Irlandiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýazmyrat Serýaýew (oturýan ýeri London ş.) şu hepde Dubline iş saparyny amala aşyrdy we ol ýerde ol ýerde Irlandiýanyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Saparyň çäginde, 25-nji awgustda Ilçi Irlandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Protokol bölüminiň başlygynyň orunbasary Ralf Wiktor bilen duşuşdy we ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Irland tarapy Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we onuň diplomatik işinde zerur bolan ýardamlary bermäge taýýardygyny tassyklady. Diplomatlar dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge özara gyzyklanmalaryny bellediler diýip, Türkmenistanyň DIM-de habar berildi.

26-njy awgustda Ilçi Ýa.Serýaýew ýene bir möhüm duşuşygy geçirdi – Irlandiýanyň DIM-niň Syýasy meseleler boýunça direktorynyň orunbasary Fiona Nik Dhonnaça, “Ählumumy Irlandiýa”-iň (“Global Ireland”) baş direktory we DIM-niň ykdysady bölüminiň wekili Kolm Heýes bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar syýasy we söwda-ykdysady ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energetika we bilim ýaly geljegi uly bolan ugurlara aýratyn üns berdiler. Şeýle hem halkara guramalarynyň çäginde Türkmenistan bilen Irlandiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

28082025-turkmenistan-irlandia (1).jpg

Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi Irlandiýaly kärdeşlerine öz ýurdunyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty we ykdysady ösüşdäki häzirki üstünlikleri barada giňişleýin maglumat berdi. Gepleşikler hyzmatdaşlygy berkitmek we gatnaşyklary täze, has ýokary derejä çykarmak baradaky özara islegi tassyklady.

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: