Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýda geçiriljek iň iri ŞHG sammitine gatnaşar

27.08.2025 | 17:45 |
 Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýda geçiriljek iň iri ŞHG sammitine gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşar. Bu sammit 2025-nji ýylyň 31-nji awgustyndan 1-nji sentýabry aralygynda Hytaýyň demirgazygynda ýerleşýän Týanszin şäherinde geçiriler. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, «Sinhua» agentligi habar berdi.

Hytaýyň bäşinji gezek guraýan bu sammiti ŞHG taryhyndaky iň giň göwrümli duşuşygynyň bolmagyna garaşylýar. Haýhe derýasynyň kenarynda geçiriljek duşuşyga 20-den gowrak ýurduň ýolbaşçylary hem-de BMG, GDA, ASEAN, CSTO, ECO, CICA, Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasy we Aziýanyň Infrastruktura maýa goýum banky ýaly 10 sany halkara guramasynyň wekilleri gatnaşar.

Esasy temalar we kabul ediljek resminamalar

Sammitiň esasy temalary hökmünde ŞHG-niň alyp baran işleriniň jemlenmegi, guramanyň indiki onýyllyk üçin ösüş meýilnamasynyň işlenip taýýarlanylmagy, şeýle hem howpsuzlyk, ykdysadyýet we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň berkidilmegi görkezilýär.

Duşuşygyň netijeleri boýunça gatnaşyjylaryň:

• Týanszin Jarnamasyny kabul etmegine;

• ŞHG-niň 2035-nji ýyla çenli ösüş strategiýasyny tassyk etmegine;

• Bütindünýä antifaşistik uruşda Ýeňşiň 80 ýyllygyna we BMG-niň döredilmegine bagyşlanan beýannama çykarmagyna;

• Howpsuzlygy pugtalandyrmaga, ykdysady ösüşi ösdürmäge we medeni alyş-çalyşygyna gönükdirilen resminamalara gol çekmegine garaşylýar.

Sammitden garaşylýan netijeler

Hytaýyň pikiriçe, Týanszindäki sammit ŞHG ýurtlaryna syýasy ylalaşyga gelmäge, hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge we dünýä ýüzünde ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlara garşy çykyş etmekde bitewi garaýyş döretmäge mümkinçilik berer. Gurama sebitiň parahatçylygyny, howpsuzlygyny we gülläp ösüşini üpjün etmek üçin durnukly we inklýuziw gurşawy döretmäge, halklaryň arasyndaky dostlugy we sazlaşygy pugtalandyrmaga çalyşýar.

ORIENT

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: