Iň täze habarlar

Türkmenistan gazy we dokma önümlerini eksporta iberdi: TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşyklaryň netijesi

18.08.2025 | 17:55 |
 Türkmenistan gazy we dokma önümlerini eksporta iberdi: TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşyklaryň netijesi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük, aşgarlanmadyk nah mata ýerlenildi.

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 38 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin binýatlyk ýagy we nebit ýol bitumyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), pagta süýümini, el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 97 million manatdan gowrak boldy.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: