Türkmenistanda Li-Fi ulgamyna geçmek barada maslahatlaşyldy
18.08.2025 | 15:20 |Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda sanly ykdysadyýetiň we innowasiýalaryň wajyp meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maglumat howpsuzlygy we MKT ulgamynyň alymlary hem-de hünärmenleri täze işläp düzmelerini we pikirlerini hödürlediler. Şolaryň arasynda maglumat howpsuzlygy we telekommunikasiýa tehnologiýalary barlaghanasynyň hünärmeni Ahmet Esenowyň Li-Fi (Light Fidelity) tehnologiýasy baradaky çykyşyna aýratyn üns berildi.
Li-Fi — ýagtylyk arkaly maglumat geçirmek ulgamydyr. Adaty Wi-Fi-dan tapawutlylykda, maglumatlar radiotolkunlar arkaly däl-de, ikilik koda öwrülýän çipli LED çyrasynyň kömegi bilen geçirilýär we ony fotoelementli enjam kabul edýär. Ýokary modulýasiýa tizligi prosesi adamyň gözüne görünmeýär. Tehnologiýanyň esasy artykmaçlygy — adaty usullardan has ýokary maglumat geçiriş tizligidir.
Bilermenleriň bellemegine görä, Türkmenistanda Li-Fi ulgamynyň ornaşdyrylmagy sanly infrastruktura işiniň netijeliligini artdyrmaga hem-de bilim, saglygy goraýyş, ulag we «akylly» şäherler ugurlarynda täze mümkinçilikleri açmaga ýardam berer.
Mundan başga-da, maslahatyň çäklerinde kiberhowpsuzlyk, elektron resminama dolanyşygy, sanly tehnologiýalar bilen utgaşykly alternatiw energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak, şeýle-de geografiki maglumat ulgamlaryny ulanmak ýaly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. GUM bölüminiň uly ylmy işgäri Nikolaý Nikolaýew tebigy serişdeleri dolandyrmakda we şäher meýilnamasyny düzmekde ulanylýan QField atly ykjam gural barada gürrüň berdi.
Çykyş edenler şeýle taslamalaryň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň döwlet sanly özgertmeler strategiýasyna we innowasion ykdysadyýetiň berkidilmegine doly laýyk gelýändigini bellediler.
ORIENT