Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin
Hytaýa barýan Türkmenistanyň raýatlarynyň sanynyň artýanlygy bilen baglylykda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günleriniň sanynyň wagtlaýyn köpeldilýändigi barada habar etdi.
2025-nji ýylyň 18-nji awgustyndan 30-njy sentýabryna çenli arzalaryň kabul edişligi hepdede dört günüň dowamynda - duşenbe, sişenbe, penşenbe we anna günleri amala aşyrylar.
Arzalaryň kabul edilýän wagty: 9:30-dan 11:30-a çenli.
Resminamalaryň berilýän wagty: 15:30-dan 17:00-a çenli.
Şeýlelikde, raýatlara bellenen möhletde resminamalary tabşyrmak we konsullyk hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin has köp mümkinçilik döredilýär.
