Iň täze habarlar

OpenAI ChatGPT we API ösüş meýilnamasyny hödürledi

15.08.2025 | 14:55 |
 OpenAI ChatGPT we API ösüş meýilnamasyny hödürledi

OpenAI kompaniýasynyň ýolbaşçysy Sem Altman X sosial ulgamyndaky akkauntynda täze GPT-5 dil modeline barha artýan islegi nädip dolandyrjakdyklary barada gürrüň berdi. Ol hasaplaýyş kuwwatlyklaryny paýlamak boýunça anyk, tapgyrlaýyn amala aşyrylýan strategiýany hödürledi.

OpenAI-nyň GPT-5-e elýeterliligi üpjün etmekdäki ileri tutýan ugurlary:

• Tölegli ulanyjylar: Esasy maksat — ChatGPT-niň tölegli abunaçylaryna öňki modellerdäkiden has ýokary çäk bilen GPT-5-e elýeterlilik bermek. Häzirki wagtda ChatGPT Plus abunasynyň çäginde GPT-5 Thinking üçin çäk 3000 haýyşnamalara çenli ýokarlandyryldy. Geljekde GPT-5 Pro elýeterliligini goşmak meýilleşdirilýär.

• API müşderileri: Indiki tapgyrda API ulanýan häzirki müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmak meýilleşdirilýär. Kompaniýanyň çaklamasyna görä, olar häzirki zerurlyklaryň 30%-e çenli ösüşini üpjün edip bilerler.

• Mugt ulanyjylar: Soňra OpenAI ChatGPT-niň mugt wersiýasyna elýeterliligiň hilini gowulandyrmaga girişer.

• API-niň mundan beýläk ösmegi: Diňe şondan soň kompaniýa API-a bolan täze islegi kanagatlandyrmak üçin kuwwatlyklary artdyrmagy meýilleşdirýär.

Altmanlaryň sözlerine görä, OpenAI ýakyn bäş aýyň dowamynda hasaplaýyş serişdelerini iki esse artdyrmagy maksat edinýär, bu bolsa ähli ulanyjylar üçin ýagdaýy ep-esli gowulandyrar diýip garaşylýar.

ORIENT

Foto: OpenAI

Şeýle hem okaň: