Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering”-iň ýolbaşçysy bilen senagat hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy

29.06.2025 | 23:50 |
 Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering”-iň ýolbaşçysy bilen senagat hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy

29-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Haruo Nagamatsuny kabul etdi.

Işewür Prezident Serdar Berdimuhamedowy Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de ak mermerli Aşgabadyň gözelligini belledi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär. Ýapon kompaniýalarynyň şol sanda “Toyo Engineering” korporasiýasynyň ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini ösdürmäge, esasanam nebitgaz we himiýa pudaklarynda netijeli goşandy bellendi.

Döwlet Baştutany özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we korporasiýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

ORIENT

Foto: Toyo Engineering

Şeýle hem okaň: