Iň täze habarlar

Robotlar meýdançada: Pekinde awtonom emeli aňly RoBoLeague taryhy finaly geçirildi

29.06.2025 | 19:21 |
 Robotlar meýdançada: Pekinde awtonom emeli aňly RoBoLeague taryhy finaly geçirildi

28-nji iýunda Pekinde robot futbolçylaryň RoBoLeague dünýä ligasynyñ jemleýji tapgyry geçirildi. Ilkinji gezek awtonom görnüşdäki hytaýly adam şekilli robotlardan düzülen dört topar taryhy duşuşykda 3x3 görnüşinde duşuşdy. Bu duşuşykda adamyñ gatnaşmazlygyndan ähli kararlar diňe emeli aň tarapyndan kabul edildi.

Her bir robot sekuntda 120 kadr surata alyp bilýän köp spektrli kameralaryň hem-de YOLOv7 neýro ulgamynyň esasynda işläp taýýarlanylan kompýuter görüjilik ulgamy bilen enjamlaşdyryldy. Bu ulgam 50 müň sagatlyk oýun mazmunynyñ esasynda türgenleşdirilen bolup, robotlara topy we meýdançany takyk tanamaga mümkinçilik berdi. Giroskoplar we akselerometrler robotlaryň 2 m/s tizlige çenli durnukly hereket etmegini üpjün etdi. Gurnamaçylaryň bellemegine görä, bu Hytaýda ilkinji doly awtonom adam şekilli robotlaryň gatnaşmagynda geçirilýän duşuşyk bolup, olaryň çydamlylygyny we çeýeligini barlady.

1

Oýun iki 10 minutlyk tapgyrlardan ybarat boldy. Robotlar taktiki taýdan AlphaZero algoritminiň üýtgedilen görnüşini ulandylar we topy geçirmek hem-de urgular boýunça özbaşdak karar kabul etdiler. Energiýa taýdan netijeli serwo hereketlendirijiler robotlaryň 90 minutlap awtonom işledilmegini üpjün etdi. Bir ýyllyk türgenleşik döwründe robotlar oýun ýagdaýlaryny öňküsinden 40% takyklyk bilen tanap başladylar, olaryň reaksiýa tizligi üç esse artdy. Munuň netijesinde emeli aň topy geçirmek barada adama garanyňda has çalt “pikirlenip” bilýär.

Bu ösüşiň syry, diňe meýdançany seljermän, eýsem topar agzalarynyň hereketlerini hem 85% takyklyk bilen çaklap bilýän täze neýroarhitekturadadyr. Lidarlar urgularda millimetrlik takyklygy üpjün etdi, termo görkezijiler bolsa enjamlaryň gyzmagyna gözegçilik etdiler.

Booster Robotics kompaniýasynyň wekili Çen Haonyň bellemegine görä, guramaçylar robotlaryň has çylşyrymly oýun meselelerini çözmegi üçin tehnologiýany kämilleşdirmegi dowam etdirýärler. Soňky görkezme duşuşyklaryň gidişi şeýle ýokary boldy welin, tomaşaçylar meýdançada adamlaryň ýokdugyny hatda unudýardy. Geçirilen bu duşuşyk awgustda boljak Dünýä adam şekilli robot oýunlarynyň öňüsyrasyndaky möhüm tapgyr boldy.

ORIENT

Foto: nypost

Şeýle hem okaň: