Iň täze habarlar

2026-njy ýylda Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçiriler

30.06.2025 | 19:20 |
 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylyň 22-27-nji iýuny aralygynda Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek baradaky Karara gol çekdi. Bu karar ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny has-da kämilleşdirmäge we milli medeniýeti, sungaty hem-de edebiýaty täze eserler bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir, diýip TDH habar berýär.

Däp boýunça Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyryýet güni bilen baglanyşykly geçirilýän Medeniýet hepdeligi döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, täze eserleriň döredilmegini höweslendirmäge we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Resminama laýyklykda, Medeniýet hepdeligini guramak we geçirmek üçin guramaçylyk toparynyñ düzümi döredildi we tassyklanyldy.

ORIENT

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: