Iň täze habarlar

Ertirki güniň modasy: “TurkmenTextile Expo-2025” -de ýyldyz dizaýnerler we ählumumy tendensiýalar

08.06.2025 | 00:05 |
 Ertirki güniň modasy: “TurkmenTextile Expo-2025” -de ýyldyz dizaýnerler we ählumumy tendensiýalar

Aşgabat, Türkmenistan — 13-nji iýunda “TurkmenTextile Expo-2025” halkara sergisiniň çäginde maksatnamanyň iň köp garaşylýan intellektual bölekleriniň biri bolar. Bu meşhur dizaýnerleriň çykyşlaryndan we pikir alyşmalardan ybarat bolup, Ýewropany, Merkezi Aziýany we Günorta-Gündogar Aziýany bir sahnada birleşdirer. Bu gün moda pikirlenişiniň hakyky barlaghanasyna öwrüljekdigini wada berýär: özboluşly pikirler, dokma önümçiliginiň geljegi barada pudaklaýyn düşünjeler we dialoglar, durnuklylyk we medeni hyzmatdaşlyk.

Esasy çykyş edenler: Geljege garaýyş

img_9831-1024x742.jpg

Aýdarhan Kaliýew (Taraz, Gazagystan). Team: “Neo-folklor - adaty halk lybaslarynyň häzirki zaman görnüşde täzeden gözden geçirilmegi”. Meşhur moda dizaýneri we “ASPARA Fashion Week” esaslandyryjy, köp asyrlyk däp-dessurlaryň häzirki zaman modasynyň çäginde täzeçe durmuşa geçirilişi, XXI asyryň tanalýan medeni kody hökmünde nähilli ýüze çykandygyny gürrüň berer.

1.jpg

Omar Mansur (London, Beýik Britaniýa). Tema: “Durnukly moda ulgamynda siziň işiňiziň marketingi”. “London Fashion Week” gatnaşyjysy we etiki önümçilik bilermen, ekologiýa zyýan bermezden “fashion” markasyny ösdürmek barada amaly maslahat berer.

1674923448008_3.jpg

Göwher Gowerne (Fransiýa — Türkmenistan). Tema: “Halkara modada milli özboluşlylyk”. Halkara derejesinde abraýly fransuz-türkmen dizaýneri, innowasiýa arkaly dokma pudagynyň ösüşi we çuňňur medeni özboluşlyk baradaky düşünjesini paýlaşar.

67e6e3dc0fa56291453442.jpg

Ýelena Wan Haritonowa (Brýussel, Belgiýa). Tema: “Täze serişdeler we tehnologiýalar! Ýewropa tejribesi”. Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň döredijilik bileleşigini esaslandyryjy dokma pudagynda gazanylan soňky üstünlikler we olaryň Ýewropa hem-de dünýä modasyna täsiri barada söhbet eder.

Gündogaryň we Günbataryň dialogy: Haýden Ng bilen tegelek stol

20240607_AIFW_AC-176-1-1024x683.jpg

Tanyşdyryş dabaralaryndan soňra dessine myhmanlara “ASEAN Fashion Designers Showcase”-iň ýolbaşçysy Haýden Ngyň (Singapur) gatnaşmagynda interaktiw çekişme garaşýar.

NG Wai Ming Hayden (Singapur). Tema: “ASEAN halkara moda hepdeligi — ASEAN Fashion Designers Showcase”. Söhbetdeşlikde “ASEAN” moda hepdeligi barada gysga wideo görkeziler. Bu däp-dessurlaryň we häzirki zaman tendensiýalarynyň Aziýanyň döredijilik sahnasynda nähili gabat gelýändigi barada dialog üçin esas döreder.

PYH2019061507010001300.jpg

Moderator, ähli isleg bildirýänleri– dizaýnerleri, talyplary, sergä gatnaşyjylary – medeni dürlüligiň dünýä modasynyň geljegini nähili emele getirýändigini, ylham we hyzmatdaşlygyň täze ýollaryny bilelikde ara alyp maslahatlaşmak üçin mikrofona çagyrar.

Amatly pursady elden gidirmäň: Siziň gelejekdäki modadaky ornuňyz!

20240608_AIFW_Helen-003-1024x683.jpg

“TurkmenTextile Expo-2025” – bu diňe bir sergi däl. Tejribe paýlaşmak, döredijilik energiýasy döretmek we ösüş üçin hakyky mümkinçilikleri döretmek üçin amatly meýdançadyr.

Haçan: 2025-nji ýylyň 13-nji iýuny, 10:00–13:30

Nirede: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň moda görkeziş zaly

Wakalaryň merkezinde boluň. Ylham al. Ertiriň modasynyň bir bölegi boluň.

Web sahypasyna giriň: https://turkmentextile.turkmenexpo.com/

Foto: TurkmenExpo

Şeýle hem okaň: