GDA-nyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili Minskde Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan sergä baryp gördi
17.05.2025 | 21:45 |16-njy maýda “BelEkspo” Minskiñ halkara sergi merkezinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan gurnalan “Ýeňşiñ ýoly" atly sergi boýunça tanyşdyryş ekskursiýasy geçirildi. Sergi sowet halkynyň Beýik Watançylyk urşundaky Ýeňşiniň 80 ýyllygyna bagyşlanypdyr.
Çärä Arkalaşyga agza döwletleriň GDA-nyň düzümindäki we beýleki edaralaryndaky Hemişelik wekilçilik edýän diplomatik wekiliýetleriniň halkara wekiliýeti gatnaşdy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, GDA-nyň düzümindäki we beýleki edaralaryndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili Nazarguly Şagulyýew hem sergä baryp gördi.
Ilçi Beýik Watançylyk urşunyň temasy bilen baglanyşykly 600-den gowrak täsin eksponatdan ybarat bolan ekspozisiýa bilen tanyşdy. Sergi urşuň esasy tapgyrlaryny taryhy yzygiderlilik taýdan açyp görkezýär – Sowet Soýuzyna edilen hüjümden başlap, faşistik Germaniýanyň doly ýeňilmegine çenli döwri öz içine alýar.
Ekspozisiýada interaktiw serişdeleriň we häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagyna aýratyn üns berilýär. Myhmanlar dürli kartalar, filmler bilen tanyşyp bilerler, ýörite terminallary ulanyp bilerler.
Serginiň döredijileri käbir pajygaly we gahrymançylykly wakalary gaýtadan janlandyrmak üçin gologrammalary giňden ulanýarlar. Mysal üçin, komissar Fomin bilen bagly atyşyk ýa-da partizan ýaraglary barada gürrüňler gologrammaly görkezmeler arkaly görkezilýär. Şeýle-de sergide wirtual hakykat serişdeleri hem ulanylýar – ýörite äýnekleriň kömegi bilen 1945-nji ýylyň maý aýyndaky wakalaryň gatnaşyjysy ýaly duýmak bolýar, mysal üçin, Reýhstagyň gümmezine çykyp, Ýeňiş Baýdagyny dikeltmek ýaly pursatlar wirtual görnüşde başdan geçirilýär.
Türkmenistanyň GDA-nyň düzümindäki hemişelik wekili hökmünde bu sergä gatnaşmagy, Arkalaşyga agza döwletler üçin Beýik Ýeňiş baradaky umumy taryhy ýadygärligi saklamagyň möhümdigini nygtaýar. Bu, türkmen halkynyň faşizme garşy göreşen halklaryň gahrymançylygyna çuňňur hormat goýýandygynyň we ýurdumyz tarapyndan taryhy hakykaty we uruş baradaky ýatlamalary integrasiýa birleşikleriniň – GDA-nyň çäginde gorap saklamaga ygrarlydygynyň subutnamasydyr.
“Ýeňşiñ ýoly” atly sergi 5-nji iýuna çenli dowam eder.
ORIENT