Serhetsiz infrastruktura: “Ojar Aziýa” Türkmenistanyň awtomobil ýollaryny gurmakda ygtybarly hyzmatdaşy
01.07.2025 | 14:00 |Türkmenistanda awtoýollaryň gurulmagy we döwrebaplaşdyrylmagy täze derejä çykýar. Ýylsaýyn rahatlygy üpjün edýän hem-de ykdysadyýetiň ösüşine ýardam berýän häzirki zaman ulag ulgamynyň döredilmegine has uly üns berilýär.
Ýokary hilli awtoýollar bu ykdysady ösüşiň, durnukly logistikanyň we milli howpsuzlygyň strategiki binýadydyr. Soňky ýyllarda bu ulgamda, esasan hem, hususy pudagyň gatnaşmagynda ýokary ösüş depgini hasaba alynýar.
Türkmenistanda infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine yzygiderli çekilýän kompaniýalarynyň biri 2008-nji ýyldan bäri öz işini alyp barýan “Ojar Aziýa” hususy kärhanasydyr. Kompaniýanyň esasy ugurlarynyň biri hem ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda awtoýollaryň, köprileriň, estakadalaryň, ulag ýol toplumlarynyň hem-de geçelgeleriň gurluşygy we durkunyň täzelenmegidir.
Dürli ýyllarda kompaniýa möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşdy. Olaryň arasynda:
Mary – Murgap awtoýoly (2014) – ýoluň durky täzelenip, ol üç zolaga çenli giňeldildi hem-de welaýatyň ulag elýeterliligini ýokarlandyrmak maksady bilen döwrebaplaşdyryldy.
Oguz han köçesi, Aşgabat (2013-2015) – paýtagtymyzda täze ýoluň gurulmagy ulag akymynyň bir böleginiň ýüküni azaltmaga hem-de şäher etraplarynyň baglylygyny gowulandyrmaga mümkinçilik berdi.
Arkadag şäheri (2020-nji ýyldan bäri) – täze şäheriň gurulmagynyň çäklerinde kompaniýa ýol ulgamyny döretmek boýunça işleri ýerine ýetirdi hem-de inženerçilik infrastruktura desgalaryny gurmaga gatnaşdy.
Arkadag şäherinde “Akhan” ýerasty geçelgesi (2022-2023) – şäherde pyýada howpsuzlygyny hem-de ulag logistikasyny gowulandyrmaga gönükdirilen taslama.
Geljek täze taslamalar bilen
Türkmenistan esasy ulag desgalarynyň gurluşygyny özüni häzirki zaman infrastrukturasyny döretmekde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanadan “Ojar Aziýa” kompaniýasyna ynanýar. Kompaniýanyň meýilleşdirilen Sarahs – Mary – Serhetabat awtoýol taslamasynyň gurluşygyny durmuşa geçirmäge gatnaşmagy bu ynamyň nobatdaky subutnamasy boldy. Täze guruljak awtoýoly ýurdumyzyň ýollarynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga we üstaşyr mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Täze ýollary gurmak boýunça milli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi we häzirki bar bolan ýollaryň döwrebaplaşdyrylmagy “Ojar Aziýa” kompaniýasynyň ileri tutýan ugurlarydyr. Ýol infrastrukturasynyň ösüşi toplumlaýyn çemeleşmäni, häzirki zaman tehnologiýalaryň ulanylmagyny hem-de döwlet we hususy kärhanalaryň gatnaşmagyny talap edýär. Bu ýerde bolsa “Ojar Aziýa” gaýta-gaýta özüniň ýokary ussatlygyny we jogapkärçiligini subut edýär.
ORIENT