Aşgabatda Dubaýyň FOGG we OSSUM parfýumeriýasynyň ilkinji dükany açyldy
01.07.2025 | 16:30 |28-nji iýunda “Gül zemin” söwda we dynç-alyş merkezindäki “Çopan” marketde Türkmenistanda ilkinji FOGG we OSSUM dubaý parfýumeriýasynyň brend dükany öz işine başlady. Dubaýda öndürilýän bu parfýumeriýa markalary elýeterli bahasy we yslaryň ýokary durnuklylygy bilen köp ýurtlarda eýýäm meşhurlyga eýe boldy.
Dükanyň ady gönüden-göni onuň konsepsiýasyny açyp görkezýär: ol ýerde diňe FOGG we OSSUM brendleriň önümleri hödürlenilýär. FOGG we OSSUM brendlerini ýokary hilli atyrlar hemme adamlara elýeterli bolup bilýär diýen filosofiýasy birleşdirýär. Önümçilik üçin Tom Ford, Versace we Lacoste ýaly meşhur lýuks markalarynda ulanylýan hoşboý ysly ýaglar ulanylýar.
Bu bolsa baý we durnukly kompozisiýalary döretmäge mümkinçilik berýär. Dükanyň assortimenti, takmynan, 800 gezek ulanmaga we düzüminde gazy bolmadyk 120 ml möçberdäki spreý parfýumlary, şeýle hem her gün ulanmaga niýetlenen 50 we 100 ml möçberdäki aýna gaplarda ýeňil body mist parfýumlary öz içine alýar. Spreý parfýumyň bahasy 50 manat, 50 ml aýna gaplardaky parfýumlar 140 manatdan, 100 ml – 250 manatdan, body mist bolsa 40 manatdan elýeterlidir.
Dükanyň esasy aýratynlygy – durnuklylygyň, hiliň we elýeterliligiň utgaşdyrylmagydyr. Munuň netijesinde FOGG we OSSUM hoşboý yslary gymmat bahaly parfýumeriýanyň alternatiw görnüşi bolýar. Munuň bilen birlikde, käbir görnüşler diňe Türkmenistan üçin hödürlenip, beýleki dükanlarda olara duş gelinmeýär. Mundan başga-da, käbir yslar türkmen müşderileriniň islegleriniň göz öňünde tutulmagy bilen ýörite ýerli bazar üçin işläp taýýarlanylýar.
FOGG brendi erkek adamlar üçin laýyk gelýän has baý we durnukly hem-de uniwersal yslary hödürleýär. OSSUM bolsa zenan köpçüligine niýetlenip, ýeňil we inçe kompozisiýalar bilen tapawutlanýar. Dükanda hünärmenleriň maslahatlary göz öňünde tutulyp, olar ähli görnüşlerini barlamaga hem-de yslary saýlap almaga ýardam bererler. Müşderiler üçin yzygiderli aksiýalar we ýörite teklipler hem meýilleşdirilýär.
Dükan her gün sagat 10:00-dan 21:00-a çenli işleýär. Salgysy: “Gül zemin” SDAM, 1-nji gat, “Çopan” merkete giren ýeriňde.
Goşmaça maglumatlary (+99365) 88-02-23 telefon belgisi boýunça, şeýle hem TikTok (@foggossum) we Instagram (@foggossoum.tm) sosial ulgamlarynda tapyp bolýar.
ORIENT