Iň täze habarlar

Türkmen parlamentarileri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýyllyk mejlisine gatnaşýarlar

01.07.2025 | 10:40 |
 Türkmen parlamentarileri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýyllyk mejlisine gatnaşýarlar

29-njy iýunda Mejlisiň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Farah Kariminiň Merkezi Aziýa döwletleriniň parlament wekiliýetleri bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 29-njy iýuny 3-nji iýuly aralygynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň 32-nji her ýylky mejlisine hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan bilelikde guralýan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda dialogyň we bitaraplygyň ýörelgeleri» atly çärä gatnaşmak maksady bilen, Portugaliýa Respublikasynyň Portu şäherinde iş saparynda bolýarlar.

1

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça öz ýurtlarynda alnyp barylýan işler barada pikir alyşdylar. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, daşky gurşawy gorap saklamaga, tebigata aýawly çemeleşmäge gönükdirilen tagallalaryň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasatyny parlament diplomatiýasy arkaly goldamak boýunça toplanan tejribeler beýan edildi.

2

Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi web sahypasynda habar berlişi ýaly, günüň ikinji ýarymynda türkmen parlamentarileri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýyllyk mejlisiniň açylyş dabarasyna we umumy mejlisine gatnaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar häzirki wagtda sebitiň we dünýäniň gün tertibinde durýan meseleleriň oňyn çözgütlerini we olary durmuşa geçirmekde parlamentleriň öňünde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar.

ORIENT

Foto: mejlis.gov.tm

Şeýle hem okaň: