Türkmenistanyň we Zambiýa Respublikasynyň daşary işler ministrleri özara hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
01.07.2025 | 11:00 |30-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Zambiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Mulambo Haimbäniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi barada pikir alyşyldy.
Taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çägindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garadylar.
Bellenilişi ýaly, Zambiýa Respublikasy 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyna işjeň gatnaşdy.
ORIENT