Iň täze habarlar

Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan mekdep okuwçylarynyň arasynda döredijilik bäsleşigi

12.05.2025 | 23:24 |
 Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan mekdep okuwçylarynyň arasynda döredijilik bäsleşigi

1-nji iýunda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güniniň öňüsyrasynda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndaky Hayyr-sahawat gaznasy, ÝUNISEF we «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde Aşgabadyň hem-de Arkadagyň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Geljege ýaşyl ädim: Çagalaryň hereketi» atly döredijilik bäsleşiginiň geçirilýändigini yglan edýär.

Bäsleşik çagalaryň we ýetginjekleriň ekologiýa düşünjesini terbiýelemek, şeýle hem zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksadyna gönükdirilendir. Gatnaşmak isleýänler öz ukyp-başarnyklaryny aşakdaky ugurlar boýunça görkezmäge mümkinçilik alýarlar:

1. Surat çekmek: 5 ýaşdan 9 ýaşa çenli çagalar üçin.

2. Ekologiýa taslamalary:14 ýaşdan 18 ýaşa çenli ýetginjekler üçin.

3. Galyndylara bagyşlanan döredijilik işler: 9 ýaşdan 18 ýaşa çenli çagalar we ýetginjekler üçin.

Her ugur boýunça üç baýrakly orun, şeýle hem bäsleşigiň Baş baýragy göz öňünde tutulýar.

Goşmaça maglumat üçin aşakdaky telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 940326; +99364268432.

ORIENT

Foto: tv.online.tm

Şeýle hem okaň: