Ynanyşmak diplomatiýasy: Derýa Soýsal Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň halkara gatnaşyklardaky orny
12.05.2025 | 02:45 |Hanym Soýsal “EU Reporter” we “Bruxelles Korner” halkara neşirlerinde işleýän žurnalist.
ORIENT eýýäm Derýa Soýsalyň soňky birnäçe aýyň dowamynda Türkmenistanyň Brýusseldäki diplomatik missiýasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini ýazypdy.
Ylmy we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde akademiki meýdançalarynda, halkara maslahatlarynda, telewideniýe we radio ýaýlymlarynda çykyş etmegi netijesinde Türkmenistanyň konstruktiw daşary syýasatyna, esasanam oňyn bitaraplyk syýasatyna giňişleýin düşünmek we ykrar etmek pikiri emele gelýär. Biz interwýu üçin duşuşdyk we Soýsal hanym bilen söhbetdeşlige başlamazdan ozal ORIENT-iň başlygy oňa web sahypamyzyň logotipi bilen ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdy.
– Hanym Soýsal, okyjylarymyz siziň Merkezi Aziýanyň meseleleri bilen meşgullanýanyňyzy gowy bilýärler. Siz aýdyň, umuman sebitimize we hususan-da Türkmenistana bolan gyzyklanmaňyz nädip döredi?
– Örän ir gyzyklanyp başladym. Siz belki ynanmarsyňyz, ýöne Türkmenistana bolan gyzyklanmam çagalykdan başlandy. Çagalyk döwrümde okan ilkinji kitabymda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgulary bardy. Bilşiňiz ýaly “Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy” 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy we şol şanly diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem bütin dünýäde giňden bellenilip geçildi we häzirem bellenilýär.
Şeýlelik bilen, Magtymgulynyň eserleriniň kömegi bilen çagalygymdan Türkmenistan barada gyzyklanyp başladym, ýagny aslynda bu meniň taryhy Watanym. Biz türkmenler we türkler hakda: “Bir millet — iki döwlet” diýip belleýäris.
Türkmenistana gelip, ýubileý dabaralaryna we “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatyna gatnaşmak bagtyna miýesser bolanymda, özümi diýseň bagtly saýdym.
Türkmenistanyň Prezidentiniň, birnäçe döwlet we Hökümet Baştutanynyň, parlamentleriň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, tanymal diplomatlaryň we görnükli alymlaryň, medeniýet işgärleriň we sungat ussatlarynyň gatnaşmagy çäräniň ýokary derejesini, göwrümi boýunça giňdigini we mazmuny boýunça ägirt ulydygyny tassyklandy.
Işleri dünýä siwilizasiýasynyň hazynasyna giren, diňe bir döwrüniň däl, eýsem häzirki durmuşymyzyň filosofiki pikirine we edebi däp-dessuryna täsir eden Magtymgula bagyşlanan baýramçylyk dabaralarynda ýatdan çykmajak täsirler ýadymda galar.
– Türkmenistanda durmuşyň haýsy taraplary Sizi has gyzyklandyrýar?
– Bu ýerdäki hemme zat meni haýran galdyrýar! Türkmenistan – gadymy taryhy we özboluşly medeniýeti bolan ýurt. Milli miras, binagärlik ýadygärlikleri, bezeg we amaly sungat, milli lybaslar, özboluşly saz we ajaýyp täsirli türkmen dili.
Bularyň hemmesini men uly gyzyklanma bilen özüm üçin her gezek täzeden açýaryn. Şeýle hem, neşirlerimiň üsti bilen bitaraplyk syýasaty, häzirki Türkmenistanyň ykdysadyýeti we başga-da köp zatlar hakda bilimlerimi ýaýratmak üçin Türkmenistanda aragatnaşyk saklaýan zatlarymyň has içginligi bilen has çuňňur tanyşmak isleýärin.
Şonuň üçin bu ýere gelendigime örän şat, sebäbi meniň üçin bu medeni gymmatlyklara gönüden-göni degmek we ýurduň ykdysady taýdan öňe gidişini we taryhy watandaşlarymyň gülläp ösüşini öz gözlerim bilen görmek üçin ýene bir mümkinçilikdir.
– Hanym Soýsal, hünär işleriňiz barada gysgaça näme aýdyp bilersiňiz...
– Men žurnalist, ORIENT web sahypaňyzda ýazylyşy ýaly “EUB Reporter” we “Bruxelles Korner” halkara neşirlerinde işleýärin.
– Hawa, bu şeýle, ýöne okyjylarymyza bu barada ýatlatmagyňyzy haýyş edýäris.
– Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy maňa akkreditasiýa kartoçkasyny gowşurdy. Şondan bäri Türkmenistanyň DIM-niň akkreditlenen “Bruxelles Korner”-iň habarçysy.
Ýöne žurnalistik gözleglerimiň temasy diňe Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ösdürilýän gatnaşyklar däl, men şeýle hem, daşky gurşawy dolandyrmak bilen meselelerini bilen baglaglanşykly bilermelik bahalaryny bermek bilen meşgullanýaryn.
– Siziň garaýyşlaryňyzda, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa, şol sanda Türkmenistana bolan gyzyklanmasy nä derejede uly?
– Elbetde gyzyklanma uly. Bu hakykaty tassyklaýan köp sanly mysallary getirip bolar. Ýöne şu ýylyň aprel aýynda geçirilen “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammite netijelerini ýatlamak ýeterlik bolar. Şonda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylary häzirki dartgynly şertlerde has ýakyn aragatnaşyk saklamak we sebitlerimiziň arasyndaky gatnaşyklary strategiki hyzmatdaşlygyň derejesine çykarmak isleglerini biragyzdan mälim etdiler.
Şol bir wagtyň özünde, sammite ýokary derejeli gatnaşyjylar Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde eýýäm gazanylan gowy netijeleri tassykladylar.
ÝB-niň liderleri we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary ykdysady ösüş we sebitleýin integrasiýa üçin möhüm faktor bolan ulag baglanyşyklaryny has-da berkitmek isleýändiklerini mälim etdiler. Şeýle hem, iki tarapyň bazaryna girmek we has ýakyn hyzmatdaşlygy üpjün etmek üçin Hazarüsti ulag geçelgesini utgaşdyrmak platformasyna goldaw bermegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Bu nukdaýnazardan, Merkezi Aziýanyň deňiz derwezesi diýlip atlandyrylýan Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty üçin uly mümkinçilikler açylýar.
Meniň pikirimçe Ýewropa ýurtlary Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty bilen aýratyn gyzyklanýar.
– Indiki soragym hut şu bilen baglanyşykly. Ýewropaly syýasatçylar we analitikler bitarap derejämizi göz öňünde tutup, sebitdäki işlerde Türkmenistanyň ornuna nähilli baha berýärler?
– Häzirki wagtda dünýä diňe bir ýerli däl, eýsem tutuş adamzada zyýan berip biljek aşa howply çaknyşyklary başdan geçirýär. Döwletiň bitaraplygy syýasaty ägirt uly parahatçylygy goraýyş mümkinçiligi bilen döwletara jedelli meseleleri we dawalary çözmekde diňe syýasy we diplomatik gurallaryň parahatçylyk dörediji mümkinçiliklerini ulanmagyň ähli artykmaçlyklaryny aýdyň görkezýär.
Şu ýyl Türkmenistan häzirki zaman taryhynda möhüm tapgyry – Bitarap derejesiniň 30 ýyllygyny belleýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen bu derejä bary-ýogy otuz ýylyň dolandygyna garamazdan, parahatçylygyň tutuş taryhynda türkmen halkynyň häsiýetli aýratynlygy bolandygyny bellemelidiris.
Biziň döwrümizde ýurduň häzirki zaman daşary syýasat ugrunyň esasyny düzýän bitaraplygy milli häsiýetiň gözbaşy diýip bileris.
XX asyryň 90-njy ýyllarynda geçiş döwri birnäçe ýurt üçin kynçylykly boldy. Türkmen halky bu meseleri çözmäge bu işjeň gatnaşdy we ýurduň çäginde täjikara we owganara gepleşiklerini geçirmek üçin meýdançany döretdi.
(Redaktoryň belligi: Türkmenistan Täjigistandaky dawaly ýagdaýlary çözmekde, esasanam 1996-njy ýylyň iýul aýynda Aşgabatda geçirilen täjikara gepleşikleriň bäşinji tapgyrynda kesgitleýji orny eýeledi.
Owganystan bilen baglanyşykly Türkmenistan hem syýasy ylalaşygy parahatçylykly gazanmak üçin dawalarda dürli taraplaryň arasynda araçylyk etmäge taýýardygyny görkezdi. Owganara “tegelek stol” guraldy we 1997-nji ýylyň ýanwar aýynda BMG-niň Owganystan boýunça halkara forumy geçirildi.
Şeýlelik bilen, hemişelik Bitaraplygyň we beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulmazlygyň syýasy ugruna eýerýän Türkmenistan gepleşikler üçin meýdançany döretdi, hem-de parahatçylyk dörediji tagallalaryny we Merkezi Aziýada parahatçylygy goraýyş işleriniň merkezine öwrülmäge taýýardygyny görkezdi.)
– Hut şonuň üçin Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine esaslanýan parahatsöýüjilikli syýasaty dünýäniň köp ýurtlary üçin nusgalyk görelde bolup durýar. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň Aşgabatda açylmagy geň däldir, bu BMG tarapyndan wekilçilik edilýän dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýurduň parahatçylygy goraýyş tagallalaryna işjeň ornunyň ykrar edilmegi hökmünde kabul edilip bilner.
– Hanym Soýsal, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi ählumumy derejede nahilli ähmiýete?
– Bu başlangyç, esasanam halkara dartgynlylygynyň we ýurtlaryň arasynda strategiki ynanyşmak çögünliginiň ýokarlanýan şertlerinde möhüm ählumumy we simwoliki ähmiýete eýedir. 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamasy bilen Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilmegi, dawalaryň öňüni almak we jedelleri güýç ulanmazdan çözmek üçin diplomatik tagallalaryň möhümdigini görkezýär.
Bu Birleşen Milletler Guramasynyň öňüni alyş diplomatiýasyny we parahatçylygy berkitmek baradaky tagallaryna doly laýyk gelýär.
2025-nji ýyl – bu dünýä jemgyýetçiliginiň ählumumy çökgünlikleri – pandemiýa, harby çaknyşyklar, howa betbagtçylyklarynyň netijelerine uýgunlaşmaga synanyşýan döwri. Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň yglan edilmegi, bu meseleleri ählumumy ynsanperwerligiň we raýdaşlygyň has giň çarçuwasyna birleşdirmäge mümkinçilik berýär.
– Çylşyrymly geosyýasy şertlerde Türkmenistanyň bu başlangyjy diňe bir iri we orta döwletleriň däl, eýsem kiçi ýurtlaryň hem ählumumy howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmäge goşant goşup biljekdigini görkezýär.
– Hawa, bu halkara işlerine ählumumy gatnaşmagyň zerurlygy, bu ýurtlaryň sessiz synçylar hökmünde däl-de, eýsem parahatçylyk başlangyçlarynyň araçylary hökmünde ornuny giňeltmek baradaky pikiri tassyklaýar. Şeýle çemeleşme käbir döwletleriň we halkara guramalaryň ynanyşmak çökgünligine duçar bolýan döwründe has möhümdir.
Abraý nukdaýnazaryndan bu başlangyç, halkara giňişligindäki konstruktiw orny eýeläp bitarap we parahatsöýüji döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny has-da berkitmäge ýardam edýär. Bu şeýle hem, BMG-niň 1995-nji we 2015-nji ýyllarda ýörite kararnamalary bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmegine doly laýyk gelýär.
– Eger Siz garşy bolmasaňyz, men ekologiýa temalaryna geçmegi teklip edýärin.
– Elbetde, bu MA-ÝB sammitine gatnaşyjylaryň hemmesi tarapyndan nygtalyp geçilen sebitdäki iň möhüm meseleleriň biridir.
– Siziň pikiriňizçe, häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň öňünde durýan esasy ekologiýa çagyryşlary haýsylar? Sebitde Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde olary çözmegiň nahilli ýollary bar?
– Howanyň çagyryşlarynyň ýokarlanýan şertlerinde – ählumumy maýlama, has ýygy howa hadysalary we daşky gurşawyň zaýalanmagy – durnukly ösüş meseleleri diňe bir deklaratiw däl, eýsem ileri tutulýan meselä öwrülýär. Bu nukdaýnazardan ekologiýa gün tertibi Merkezi Aziýa – ÝB sammitinde ara alnyp maslahatlaşylan esasy ugurlaryň birine öwrüldi.
Şol döwürde ÝB-niň liderleri we Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylary howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça bilelikdäki tagallalary güýçlendirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Amaly netijeleriň biri, sebitdäki döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň, metanyň zyňyndylaryny azaltmak baradaky ählumumy borçnamasyna goşulmagydyr. Bu Ýewropa Bileleşiginiň parnik gazlaryna garşy göreşde iň täsirli gurallaryň biri hasaplaýan başlangyjydyr.
Suw we energiýanyň durnuklylygy meselelerine aýratyn üns berildi. ÝB-niň liderleri we Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri bu ugurda innowasion çözgütleri öňe sürmek isleýändiklerini tassykladylar, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak üçin anyk, durmuşa gönükdirilen çäreleriň ähmiýetini bellediler. Suw howpsuzlygy, ýokarda agzalan sammite gatnaşyjylaryň hemmesiniň belleýşi ýaly sebitleýin ösüşiň we durnuklylygyň esasy bolup durýar.
Aral deňziniň çäginde we tutuş basseýninde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary güýçlendirmek zerurlygy bellendi. Bu nukdaýnazardan ÝB-niň we Merkezi Aziýanyň liderleri degişli sebit mehanizmleriniň çäginde hyzmatdaşlygy güýçlendirmek isleýändiklerini tassykladylar.
Mundan başga-da, sammite gatnaşyjylar Halkara oba hojalygyny ösdürmek gaznasynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigini, oňa durnukly oba hojalygyny goldamak we Merkezi Aziýada azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin möhüm gural hökmünde garadylar.
– Hanym Soýsal, söhbetdeşligimiziň dowamynda iki uly sebitiniň ýagny Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň durmuş ugurly ähli möhüm taraplaryna diýen ýaly degip geçdik. Okyjylarymyzyň adyndan köp sag bolsun aýtýaryn.
– Men eýýäm ORIENT web sahypasyny uzak wagt bäri yzarlaýaryn we ondaky ýazylýan zatlary okamakdan lezzet alýaryn. Türkiýede, meniň bilşime görä, bu neşir gaty meşhur. Men Brýusselde ýaşaýaryn, öz neşirlerimde ony köplenç ýatlaýaryn. Ýakyn geljekde web sahypanyň meşhurlygynyň ep-esli ýokarlanjakdygyna ynanýaryn.
– Hoşniýetli sözleriňiz we wagt tapyp biz bilen söhbetdeş bolanyňyz üçin Size ýene bir gezek sag bolsun aýdýaryn. ORIENT web sahypasynyň okyýjylarynyň adyndan, Türkmenistanyň DIM-niň ýanyndaky akkreditlenen “Bruxelles Korner” halkara neşiriniň habarçysy hökmünde täze wezipäňizde üstünlik arzuw edýärin.
Bekdurdy AMANSARYÝEW