Türkmen howa ýollary Seula çenli göni gatnawlary ýola goýýar
03.05.2025 | 14:15 |2025-nji ýylyñ 14-nji iýulyndan başlap, "Türkmenistan" awia kompaniýasy Aşgabat-Seul-Aşgabat ugry boýunça yzygiderli gatnawlary ýola goýýar.
Täze ugur Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyñ arasynda awia gatnawlary ösdürmäge hem-de awia daşaýjynyñ halkara ugurlarynyñ sanyny artdyrmaga gönükdirilendir.
Aşgabatdan Seula çenli biletiñ nyrhy 2852.5 TMT bolar. Gaýdyşyn ugur boýunça biletiñ nyrhy barada goşmaça habar beriler.
Gatnaw tertibi we biletleri öñünden sargyt etmek baradaky giñişleýin maglumatlar awia kompaniýanyñ resmi saýtynda elýeterli bolar.
ORIENT news