KazanForum 2025 maslahatyna gatnaşmak üçin hasaba alynyşyk tamamlanýar
23.04.2025 | 12:00 |2025-nji ýylyň “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” atly halkara ykdysady foruma gatnaşmak üçin hasaba alynyşyk tamamlanýar. Ýylyň möhüm çäresine goşulmak üçin az wagt galdy.
Hasaba alnyş 30-njy aprelde tamamlanýar.
Hasaba https://reg.kazanforum.ru/ru/icruser-preload-captcha salgysy boýunça durup bolýar.
“Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” halkara guramalaryň, döwlet häkimiýet edaralarynyň, maliýe institutlarynyň, diplomatik wekilhanalaryň wekillerini, parlament wekillerini, öňdebaryjy maýadarlary we rus hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň top-menejerlerini birleşdirýän özboluşly meýdançadyr. Forumda siz:
Ösüşiň soňky ugurlary we innowasiýalar barada maglumat alyp bilersiňiz;
Bölümçe maslahatlaşmalaryna gatnaşyp bilersiňiz;
Öňdebaryjy rus we halkara bilermenleriniň çykyşlaryny diňläp bilersiňiz;
Taslamalaryňyzy durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlary we maýadarlary tapyp bilersiňiz.
Beýik Watançylyk urşundaky Ýeňşiň 80 ýyllygynyň bellenilmegi bolsa çärä aýratyn ähmiýet goşar.
ORIENT news